Gepleşigimiziň bu sanynda jandarlar dünýäsindäki adatdan daşary köpgörnüşliligiň diňe bir dört harpyň tapawutly düzülişine esaslanýandygy hakynda durup geçmekçi. Ten reňki, gözüň gurluşy, boýy, agramy şeýle tapawutly görünýän milliardlarça adam üçin hem ol şeýle. Ählimiz dört harpdan ybarat, çünki diýip söze başlaýarys….
DNK, ýagny Dezeksiri bonuklein kislota, ähli jandalaryň genetiki bazasyny göterýän molekuladyr. Goşa spiral gurluşa eýe bolan adam DNKS-y nýukleotid atlandyrylýan kiçi bölümlerden emele gelýär. Her býuleotid bolsa bir fosfat toparyny, bir süýji molekulasyny we bir sany azot bazasyny özünde jemleýär. Ine şol azatly bazalar; A, J, G we T harplary bilen belgilenýän Adenin, sitozin, guanin we timindir.
Adenin, sitozin we timin DNK-nyň özenidir.DNK goşa spiralynyň iki ujy biri-birine birikýär we şol belli kadalara görä bolýar.Adenin elmydama timin bilen, guanin bolsa sitozin bilen birikýär. Şol birikme kadalarynyň saýasynda genetiki maglumat dogry we gyşarnyksyz göçürilýär.
DNK, organizmanyň ähli özbolyşlyklaryny kesgitleýän genleri özünde jemleýär.Genler, aýratyn proteinleriň işlenip çykarylmagy üçin gerek bolan maglumatlary özünde jemleýärler.Proteinler bedendäki biologik tapgyrlaryň esasy böleginiň amala aşmagynda başy çekýär.
Mysal üçin göz reňkimizi kesgitleýän genler, gözdäki pigmentlerin işlenip çykarylmagyna gözegçilik edýän proteinlerden jogapkärdir.
Her bir öýjük bölünmesinde DNK-nyň kopiýalanmagy gerek bolup durýar. Şol tapgyrda DNK-a spiraly açylýar we her bir ýüplükdäki A, J, G we T bazalary täze bir ýüplük emele getirmek üçin iki taraply bazalara birikýär. Şeýlelikde täze bir öýjük orginal öýjük bilen şol bir genetiki maglumaty özünde jemleýär.
A, J, G we T-niň hataryndaky kiçijik özgemeler, uly genetiki görnüşlilige sebäp bolup bilýär. Şol özgermeler umuman tebigy ýagdaýda emele gelýär we käte onda mutasiýa atlandyrylýan ýalňyşlyklar ýüze çykyp bilýär.
Mutasiýalar umuman zyýansyzdyr, emma käte kesellere ýa-da genetiki kadasyzlyklara sebäp bolýar.Käbir bolsa adama peýdaly mutasiýalar hem ýüze çykýar.
2003-nji ýylda tamamlanan halkara ylmy barlag bolan Adam genomy taslamasy, adamyň DNK-synyň ähli genetiki koduny öwrenmegiň hötdesinden gelýär. Şol taslamanyň saýasynda adamyň genetiki gurluşy hakynda uly maglumat bazasy döreýär. Şol maglumatlar genetiki hassalyklaryň bejergisinden her bir adama mahsus lukmançylyk usulynyň ýüze çykmagyna çenli ençeme ugurda uly ösüşleriň öňüni açýar.