Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Putin bilen Trampyň geçirmekleri ähtimal duşuşyklary bilen bagly ýurduň paýtagty Moskwa şäherinde metbugat işgärlerine beýanat berdi.
Duşuşyk üçin Putiniň ABŞ-na gidip-gitmejekdigi bilen bagly soraga Peskow: "Bu liderler tarapyndan bular ýaly duşuşygy gurnamagy laýyk görülen mahaly maslahatlaşylar. Häzirki wagta çenli amerikalylarda hiç hili habar almadyk, şol sebäpli öz senenamamyzyň üstünde işleýäris" diýip jogap berdi.
Peskow Russiýanyň duşuşyga taýýardygyny belläp: "ABŞ tarapy hem taýýar ýaly görünýär. Görnüşine görä belli bir wagt gerek ýaly" diýip belledi.
Putin 24-nji ýanwarda beren beýanatynda Tramp bilen Ukraina urşuny we energetika ýaly ugurlary ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşuyk geçirmekleriniň zerurdygyny beýan edipdi.