Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, ýurduň paýtagty Moskwa şäherinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.
Ýewropanyň Russiýa garşy girizen sanksiýalarynyň "Iki taraply kesgir gylyçdygyny" aýdan Peskow: "Ýewropalylar bu sanksiýalardan zyýan çekýär. Bu sanksiýalar halkara hukuga ters, bikanun çäklendirmeler hökmünde garaýarys" diýip belledi.
Russiýanyň gazynyň Ukrainanyň üsti bilen Wengriýa we Slowakiýa iberilmegi bilen baglanyşykly Ýewropada geçirilmegine garaşylýan gepleşikleriň üstünde durup geçen Peskow: "Russiýa bu söwdanyň dowam etmegini isleýär. Önümlerimizi satmak isleýäris" diýip beýan etdi.
Dmitriý Peskow, Russiýanyň gazynyň ýewropaly sarp edijiler üçin ABŞ-dan getirilen suwuklandyrylan gaz bilen deňeşdirilende bäsdeşlik bahasy sebäpli has amatlydygyny aýtdy.
Russiýanyň energetika kärhanasy Gazprom, degişli ylalaşygyň möhlediniň dolmagy bilen Ukrainanyň üstaşyr Ýewropa tebigy gaz iberilmeginiň 1-nji ýanwarda bes edilendigini habar beripdi.