Dmitriý Peskow gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Dmitriý Peskow gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Siriýada çöken Baas režiminiň agdarylan lideri Başar Asada we maşgalasyna sygynma hukugynyň berilmegi baradaky kararyň Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putine degişlidigini beýan etdi.

Dmitriý Peskow paýtagt Moskwa şäherinde Siriýada başdan geçirilen soňky wakalar barada maglumat berdi.

Siriýada çöken Baas režiminiň agdarylan lideri Başar Asada we maşgalasyna sygynma hukugynyň berilmegi baradaky kararyň üstünde durup geçen Peskow: "Şuňa meňzeş kararlar Döwlet baştutanynyň rugsady bolmadan kabul edilmeýär. Bu onuň karary" diýip belledi.

Putiniň Asad bilen duşuşyk geçirmegi meýilleşdirmeýändigini aýdan Peskow, Asadayň nirededigi barada maglumat bermek islemedi.

Siriýada Russiýa degişli Hymeýmim we Tartus harby bazalaryň ýagdaýynyň üstünde durup geçen Peskow: "Nähili bolsada bu Siriýada häkimiýetiň başynda boljaklar bilen ara alnyp maslahatlaşylmaly bir mesele. Häzirki wagtda üýtgeşiklik we aşa durnuksyzlyk döwri dowam edýär. Şonuň üçin wagt we çynlakaý geňeşmeler zerurdyr" diýip nygtady.

Russiýanyň metbugat sekretary ady agzalan bazalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur çäreleriň görülendigini aýtdy.

Russiýa, Türkiye we Eýran tarapyndan Siriýa meselesi boýunça döredilen Astana formatynyň üstünde durup geçen Peskow: "Bu format maksadyny ýitirdi. Beýleki tarapdan, ady agzalan ýurtlaryň arasynda pikir alyşmak we syýasy geňeşmeler üçin mehanizm hökmünde güýjüni goraýar. Bu maslahatlar, elbetde, dowam eder." diýip belledi.

Dmitriý Peskow, Türkiye we beýleki sebit ýurtlary bilen Siriýadaky ýagdaýlar barada pikir alyşýandyklaryny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa: "NATO-nyň ýadro ýaraglary baradaky beýanaty ýagdaýy dartgynlaşdyrýar" diýdi
“Russiýa, Ukraina Bilen Gepleşik Geçirilmegine Oňyn Garaýar”
Sowuk Söweşe Tarap Ynamly Ädimler Bilen Barýarys
Russiýa Donald Trampa garşy guralan hüjüm barada beýanat berdi
Russiýa Jo Baýdeniň dalaşgärlikden çekilmegi barada beýannama berdi
Russiýa Ukraina Bilen Gepleşiklere Taýýar