Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedewden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 1418 günläp pederlerimiz frontda we tylda bilelikdäki tagallalary bilen faşistik basybalyjylaryň derbi-dagyn edilen gününi ýakynlaşdyrdylar. Bu gün biz weteranlary hem-de tylda zähmet çekenleri sarpalaýarys, olaryň deňsiz-taýsyz edermenliginiň, gaýduwsyzlygynyň, Watana bolan çäksiz söýgüsiniň öňünde baş egýäris.
Russiýalylaryň we türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň öz gahryman pederleriniň mirasyny gorap saklajakdyklaryna, gazaply synaglarda taplanan doganlygyň bolsa sebitde howpsuzlygyň we durnuklylygyň bähbidine ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mundan beýläk-de ygtybarly binýat boljakdygyna berk ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, bu dabaraly günde Türkmenistanda ýaşaýan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň hem-de tylda zähmet çekenleriň ählisine tüýs ýürekden hoşallyk sözlerimi, berk jan saglyk we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin! diýip, Dmitriý Medwedew Türkmenistan gazetinde çap edilen gutlag hatynda ýazýar.