DKTR-nyň prezidenti Ersin Tatar 15-nji iýul Demokratiýa we milli jebislik güni bilen bagly çap eden ýüzlenmesinde, Fethullahçy terror guramasynyň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky hyýanatçylykly agdarlyşyk synanyşygynyň 8-nji ýylynda, demokratiýa we milli ygtyýara hemişe baglydyklaryny beýan etdi.
Ersin Tatar: "15-nji iýul gününiň gijesi Türkiye Respublikasynyň jebisligini we agzybirligini nyşana alan dönükler türk milletiniň güýçli ygtyýary we gahryman howpsuzlyk güýçleriniň pidakärlikleri saýasynda puja çykaryldy.Respublikanyň aýrylmaz jebisligi we agzybirligi üçin janlaryny pida edip, demokratiýanyň we garaşsyzlygyň kepilligi bolan şehitleriň ýagty ýadygärliginiň öňünde hormat bilen başymy egýärin, rehnet we hormat bilen hatyralap geçýärin. Şikes ýetenlere gynanç bildirýärin, olara saglykly we asuda ýaşaýyş dileýärin" diýip habar berdi.