DKTR-nyň Premýer-ministri Ünal Üstel Ankarada Saparda Bolýar

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Premýer-ministri Ünal Üstel bilen duşuşdy.

Prezidentiň Kompleksinde bolan duşuşykda, 2024 Ykdysady we maliýe hyzmatdaşlygy şertnamasy bilen DKTR-nyň galkynyşy üçin durmuşa geçiriljek taslamalar ara alnyp maslahatlaşyşdy.

Wise-prezident Ýylmaz duşuşyk hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda, “Kipr türk halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagyna we DKTR-nyň güýçlenmegine uly ähmiýet berýäris. Şol sebäpli hem geçen ýyl bolşy ýaly gelejek ýyl hem arkalaşykly ýagdaýda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge dowam ederis” diýdi.

DKTR-nyň Premýer-ministri Ünal Üstel saparynyň çäginde Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen hem duşuşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň ykdysadyýetiniň 3 ýyllyk ýol kartasy aýan edildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Turkish Airlines innowasion üstünlikleri üçin abraýly Inovalig baýragynda ilkinji üçlüge girdi
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Siriýada başdan geçirilen wakalar barada beýannama berdi
Jewdet Ýylmaz, Heniýýeniň Jynaza Namazyna Gatnaşar
Hamasyň Syýasy Lideri Soňky Ýoluna Ugradyldy