DKTR-da Ýerli Saýlaw Geçirildi

DKTR-da Ýerli Saýlaw Geçirildi

Düýn Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda ýerli saýlaw geçirildi

Ýerli saýlawlaryň resmi bolmadyk netijelerine görä, Jemhuriýetçi Türk partiýasy (JTP) 7, Milli jebislik partiýasy (UBP) 6, garaşsyzlar 3, Demokrat partiýasy (DP) 1 we Sosial demokrat partiýasy (TDP) hem 1 etrap häkimligini gazandy.

DKTR-nyň Ýokary saýlaw geňeşi ýurtda bellige alynan 208 müň 236 saýlawçynyň 18 etrap häkimini, etrap häkimlikleriniň 220 agzasyny, 240 arçyny we ýaşulylar toparynyň 960 agzasyny saýlamak üçin 768 saýlaw merkezinde ses berendigini mälim etdi.

Bellige alynan saýlawçylaryň 68,85 göteriminiň saýlawda ses berendigi nygtaldy.

Saýlawyň resmi bolmadyk netijelerine görä, DKTR-da döwletiň iň ýokary dolanşyk merkezlerinden biri hasaplanylýan 6 etrapdan 3-niň häkimligini, JTP, 2-sini UBP we birini hem TDP partiýasy gazandy.

Ýene degişli makalalar

Aýdymçy zenan Teýlor Swift ýene ýer titreme döretdi
Merkel BMG-de işlemek barada teklipden ýüz öwürdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda möhüm ähmiýetli waka gatnaşdy
Daşary ýurt metbugatyna syn
Germaniýada Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany 81 Adama Ýetdi
Daşary ýurt metbugatyna syn
Germaniýada ýaragly hüjüm guraldy