DKTR-da Ýangyn Söndüriş Dik Uçary Iş Alyp Barar

DKTR-da Ýangyn Söndüriş Dik Uçary Iş Alyp Barar

Paýtagt Nikosiýadaky Senagat zolagynda Tokaý hojalygy edarasynyň ýerleşýän zolagyna ornaşdyrylan dik uçar DKTR-nyň Oba hojalygy we tebigy serişdeler ministri Nazym Çawuşogly tarapyndan kabul edilip alyndy.

Çawuşogly Tokaý hojalygy Baş müdirliginiň DKTR-na ugradan ýangyn söndüriş dik uçarynyň 2010-njy ýyldan bäri tokaý ýangynlaryna garşy göreşmek üçin gol çekişilen teswirnama laýyklykda ugradylandygyny aýtdy.

Ýangynlara garşy netijeli göreşmek üçinn dik uçarlaryň möhümdigine ünsi çeken Çawuşgoly, ýurduň maliýe şertleriniň şeýle dik uçary almak ýa-da ýurda getirmek üçin amatly bolmandygyny, şol sebäpli dik uçaryň Prezident R.T.Erdoganyň başda durmagynda Türkiýäniň ýolbaşçylarynyň goldawy netijesinde DKTR-na ugradylandygyny nygtady.

Dik uçaryň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna ugradylmagy üçin görkezme beren Prezident Erdogana we degişli ýolbaşçylara sagbolsun aýdan Çawuşogly dik uçaryň uçarmanyndan we tehiniki topardan maglumat aldy.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Pariž 2024 Olimpiýa oýunlarynda 3-nji medala eýe boldy
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Mewlüt Çawuşogly BAE-li kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Dörttaraplaýyn Maslahat Aprel Aýynyň 3-4-i aralygynda Moskwada Geçirler
Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň PKK/ÝPG-e berýän goldawy barada beýannama berdi