Dizel gytçylygy: Beketlerdäki dizeliň tas ýarysy üstaşyr barýan halkara ýük ulaglaryna satylýar

Dizel gytçylygy: Beketlerdäki dizeliň tas ýarysy üstaşyr barýan halkara ýük ulaglaryna satylýar

Soňky üç gün çemesi wagt bäri Lebap welaýatynyň ýangyç guýujy beketlerinde dizel gytçylygy emele gelýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji fewralda maglumat berdi.

Ýüze çykan ýangyç gytçylygy dizel ýangyjynyň her bir awtoulaga çäkli möçberlerde satylmagyna alyp geldi.

“Ýük daşaýjy awtomobil ulaglarynyň her birine 20 litr dizel satylýar” diýip, bir ýük ulag sürüjisi aýdýar.

Türkmenabat şäheriniň Zergär şäherçesinde ýerleşýän nebit önümleri kärhanasynyň bir hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde ýangyç gytçylygynyň töweregindäki soňky ýagdaýlar barada maglumat berdi.

Hünärmeniň sözlerine görä, Türkmenistanda her aý her bir welaýata deň möçberlerde ýangyç paýlanyp berilýär. Ýöne gündogar we günorta-gündogar sebitlerden üstaşyr geçýän halkara ýük ulaglary bu sebitlerde ýerleşýän ýangyç beketlerine paýlanyp berilýän ýangyjyň ep-esli bölegini satyn alýarlar. Netijede, ýerli awtoulag sürüjileri öz paýlaryna düşýän ýangyjyň tiz gutarýandygyny aýdýarlar.

“Lebap we Mary welaýatlarynyň çäginden Ahal welaýatyna, ol ýerden Eýrana geçýän halkara ýük ulaglary ýangyç beketlerine paýlanyp berilýän ýangyjyň tas 50 göterimini satyn alyp, üstaşyr geçip gidýärler” diýip, nebit önümleri kärhanasynyň hünärmeni aýdýar.

Üstesine, bu sebitleriň paýyna düşýän ýangyjyň tas dörtden bir bölegi döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalara, oba hojalyk tehnikalaryna paýlanyp berilýär.

“Şeýlelikde, hususy ýük ulaglarynyň sürüjileri kösenýärler. Ýangyjyň 50 göterime golaýy halkara ýük ulaglaryna, tas 25 göterimi döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalara berilýär” diýip, hünärmen aýdýar.

Onuň sözlerine görä, her aý her bir welaýata deň möçberlerde ýangyç paýlanýar. Her bir ýük ulagyna çäkli möçberlerde dizel ýangyjyny satmak düzgüniniň girizilmegi bolsa, ýangyç beketlerinde para alnyp berilmegi ýaly korrupsiýa hadysalarynyň ýüze çykmagyna ýol açýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli ýaşaýjy ýaňy-ýakynda bir ýük ulag sürüjisiniň ýangyç bekediniň işgärine 40 manada golaý para berip, ulagynyň bakyny doldurandygyny aýdýar.

“Bakynyň göwrümi 300 litr bolan bir agyr ýük ulagynyň sürüjisi dizeliň töleginiň üstüne 30-40 manat berip, tutuş bakyny doldurmagy başardy” diýip, wakanyň şaýady gürrüň berdi.

Beýleki bir ýük ulag sürüjisi dizeliň bahasynyň üstüne 20 manat para berip, 200 litrlik bakyny doldurmagy başarypdyr.

Agyr ýük ulaglary has köp ýangyç talap edýär. Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçylary noýabryň ahyrynda Mary welaýatynda halkara ugurlar boýunça gatnaýan goşa bakly ýerli ýük ulaglarynyň ikinji bakynyň aýyrdylmagynyň talap edilip başlanandygyny habar berdiler.

Şondan biraz öň, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýangyç baklary emeli usulda ulaldylan ýerli ýük ulaglarynyň Farap gümrük nokadyndan geçmegine rugsat berilmeýändigini habar berdiler. Şonda 400 litr göwrümi bolan ýangyç baklarynyň emeli usulda 500-550 litre çenli ulaldylyp bilinýändigi äşgär bolupdy.

Ýerli sürüjiler hususan-da aýyň başlarynda we ahyrlarynda ýangyç gytçylygynyň ýüze çykýandygyny aýdýarlar. Olar şeýle ýagdaýyň kada öwrülendigini hem belleýärler.

“Aýyň ahyryndan indiki aýyň 10-laryna çenli ýangyç defisit bolýar” diýip, bir ýerli sürüji aýdýar.

Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanda soňky ýyllarda ýangyç gytçylygy bilen bagly hadysalar ýygy-ýygydan gaýtalanýar.

Mundan ozal, Türkmenistanyň dürli sebitlerinde güýz aýlarynda ulag ýangyjynyň gytçylygy ýitileşdi. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary sentýabr, oktýabr we noýabr aýlarynda ýurduň Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynda benziniň we dizel ýangyjynyň gytçylygynyň emele gelendigini yzly-yzyna habar berdiler.

Türkmenistan ulag ýangyjynyň bahasynyň arzançylygy boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň hatarynda galýar. BU ýurtda A-95 benzininiň bahasy içerki sarp edijilere 1 manat 50 teňňeden, dizel ýangyjynyň bir litri 1 manat 35 teňňeden satylýar.

Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň ýangyç beketlerinde emele gelen dizel gytçylygy barada “Türkmennebitönümleri” kärhanasyndan teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebapda dizel ýangyjy diňe gündiz satylýar, gije ýük ulaglarynyň nobaty döreýär
Ýurda aralaşan sowuk howa gündogar sebitlerde gündelik durmuşy bökdeýär
Lebapda dizel ýangyjy ýok. Ýangyç beketlerindäki nobatda daşary ýurt awtoulaglary hem bar
Maryda gowaça meýdanlarynyň sürüm işlerine bölünip berilýän dizel ýangyjy 'eden-etdilikli paýlanýar'
Forsaž-10-yň birinji bölümi surata düşürilip başlandy
“Forsaž” filminiň 10-njy bölümi surata düşürilip başlandy