Diýarymyz bagy-bossanlyga öwrülýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda hem uly işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, ençeme ýyldan bäri her ýylda köpçülikleýin agaç nahallarynyň ekilmegine badalga berilýär. Idegi ýetirilen nahallaryň boý almagy bilen ýurdumyzda tokaý zolaklary barha köpelýär, tebigatymyz gözelleşýär, howamyz tämizlenýär.

Golaýda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri “Bag-berekediň, eşretli durmuşyň özenidir” ady bilen okuw maslahatyny geçirdi.Okuw maslahatyna “Demirýollar” AGPJ-niň №26-njy şahamçasynyň işgärleri, hünärmenleri, tebigaty söýüjiler gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni Sähra Saýdalyýewa öz taýýarlanan gerbarileriň, foto suratlaryň şeýle-de görkezme esbaplaryň üsti bilen wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini geçirdi.

Bu bolsa türkmen tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini has ýakyndan görmäge mümkinçilik berip, maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.Okuw maslahatynyň esasy maksady tebigatymyzyň gözelliklerini, ösümlik we haýwanat dünýäsini wagyz etmekden, oňa ünsli çemeleşmekden ybaratdyr.

Bu ýere ýygnananlara ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen bagly gyzykly maglumatlar berildi.

Maýsa Berdiýewa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

FESCO (RF) we Özbegistan Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederler
Türkmenpoçta PAK we Demirýollary AGPJ Türkmenistanda ýük daşamalaryny ýeňilleşdirýär
Türkmenistanda täze wagon abatlaýyş zawodyny gurmak meýilleşdirilýär
“Demirýollary” AGPJ bilen “Türkmen Demirýol Ekspress” HJ amatly nyrhlarda müşderilere hyzmat edýär
Demirýollary AGPJ täze hyzmaty Bir gezeklik ýapynjalary hödürleýär
Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär