Diýarymda joşýar şirin owazlar

Diýarymda joşýar şirin owazlar

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň hor we kamera orkestriniň dabaraly konserti geçirildi.

Konsertde ilkinji Daňatar Öwezowyň sazyna, Magtymguly Pyragynyň goşgusyna Baglar heý atly aýdym hor toparynyň ýerine ýetirmeginde Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň öwreniji mugallymy Aziza Arslanowanyň sazandarlyk etmeginde, Türkmenistanyň halk artisti Bäşim Berdiýewiň dirižýorlyk etmeginde joşgunly ýaňlandy.

Soňra Weli Ahmedowyň sazyna Magtymguly Pyragynyň goşgusyna Gözüm düşdi, Žorž Gerşwiniň sazyna we goşgusyna Meniň söýgülim hor üçin täzeden işlän Lew Siwuhin, ýekelikde 3-nji ýyl talyp Nargiza Elmyradowa, Wissarion Şebalinyň sazyna Aleksandr Puşkiniň goşgusyna Gyşyň ýoly we türkmen halk aýdymy Alagaýyşly hor üçin täzeden işlän Akmyrat Täjew ýaly aýdymlar ýokary ruhubelentlik bilen ýerine ýetirildi.

Soňra kamera orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Sona Gurbanowanyň dirižýorlyk etmeginde Frans Şubert Simfoniýa N5 I-bölüm B-dur, Edward Grig Per Gýunt sýuitasyndan Ozeň ölümi, Röwşen Nepesow Türkmen tango, Suhan Tüýliýewiň sazyna, Atajan Taganyň goşgusyna Ezizim, ýekelikde Şirinjan Gurbanowa, Türkmen halk sazy Ablak saýat dutar we kamera orkestri üçin işlän Meret Annamyradow, ýekelikde Gurban Çaryýew, Nikola Paganini Wenesiýa karnawaly, ýekelikde 2-nji ýyl talyp Nargis Kerimowanyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Şeýle-de Suhan Tüýliýewiň sazyna, Magtymguly Pyragynyň goşgusyna, okaýjy, solist, hor we simfoniki orkestr üçin waspnama Türkmen binasy atly aýdymy ýörite sungat mekdebiniň hor we kamera orkestriniň, ýekelikde Babajan Hanmyradowyň ýerine ýetirmeginde, Sona Gurbanowanyň dirižýorlyk etmeginde diýseň uly joşgun bilen ýaňlandy.

Konsertdäki çykyşlardan soňra, birnäçe halypa mugallymlara söz berildi we konserde gatnaşyjylara arzuwly sözler aýdyldy. Konsertde çykyş edenler tomaşaçylar köpçüliginiň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.

Joşgunly konsert türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözler bilen jemlendi.

Ýene degişli makalalar

Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Aşgabat Halkara aýdym-saz gününi konsert bilen belledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Dünýä habarlary gysga setirlerde