Diwan edebiýatynyň soňky tanymal şahyry kabul edilýän Şeýh Galip

Diwan edebiýatynyň soňky tanymal şahyry kabul edilýän Şeýh Galip

Diwan edebiýaty, türk medeniýetine mahsus bezegli we senetli edebi usuldyr. Sada dil bilen ýazylan goşgular ýygyndysyna “diwan” diýilýär. Bu umman ýaly giň edebi usul Seljuk döwründen başlap döwrebap zamana çenli, ýagny 1800-nji ýyllara çenli dowam edýär. Ençeme şahyrlary ýetişdiren bu edebiýatyň ýazyjylary, aslyna seredilende ýaşan döwrüniň habarçylary bolmak taýdan möhümdir.

Şeýh Galip ine şol diwan edebiýatynyň soňky beýik wekillerinden biridir.Ol 1757-nji ýylda Stambulda dünýä inýär.Ady Mehmed Esat bolan Şeýh Galibiň kakasy Reşit Efendi tasawwuf bilimini alypdyr.

Atasy Mehmed Efendi hem Möwlewi tarykatynyň wekillerinden biridir. Şahyr ilkinji sowadyny kakasyndan öwrenýär.Kakasynyň hem goşgy ýazandygy we Galibiň şahyr bolmagynda uly täsiriniň bardygy bilinýär.Soň Hamdi atly alymdan arapça ders alypdyr we özüne Asad lakamyny dakan Süleýman Neşetden hem bilim alypdyr.

Esad lakamynyň başgalary tarapyndan hem ulanylandygyny görüp, Galip lakamyny alýar. 24 ýaşynda Diwanyny ýazýar. 26 ýaşynda türk edebiýatynda mesnewi usulynyň iň gowy nusgalaryndan biri saýylýan “Husni Aşk” atly deňsiz eserini ýazýar.

Maşgala agzalary hem Möwlewi bolan we şeýlelikde Möwlewileriň arasynda ösüp ýetişen Şeýh Galip, şol tarykadyň şeýhlerinden birinden ders alyp ýetişýär we Möwlewi derwişi bolýar. Şahyr 1784-nji ýylda çilä girmek üçin Konýa gidýär.

Emma kakasy çilesini Stambulda tamamlamagy üçin ýüz tutýar we degişli rugsat alynandan soň Galip, Stambula dolanyp gelýär.Galip 1784-nji ýylyň 10-njy iýulynda giren çilesini 1787-nji ýylyň 11-nji iýulynda tamamlap, “däde” bolýar. Şol seneden soň 30 ýaşynda Galip Däde çinine eýe bolýar.

Tarykatda alyp baran işleri bilen möwlewileriň arasynda, şygyrlary bilen edebiýatçylaryň arasynda ünsleri özünde jemlän Galip, köşk tarapyndan hem tanalýan we sylanýan adam bolupdyr.Galip Dädäniň ýygy-ýygydan köşke çagyrylmagy ýa-da patyşanyň gönüden möwlewihana gelip, onuň şygyrlaryny diňlemegi, ony sylaglamagy köşgüň oňa goýýan sarpasyny görkezmegi taýdan möhümdir. Şeýle hem möwlewihanada hepdede iki gün Mesnewi derslerini beren Galip, birnäçe wagt soň Soltan Selim tarapyndan mewlihan belleme ygtyýary berilendigi üçin ahli möwlewi şyhlaryndan ýokarda durýan wezipä eýe bolýar. 1799-njy ýylda şahyryň 42 ýaşynda dünýeden ötmegi hossarlaryny çuňňur gynandyrýar.

Hem üstünlikleri hem-de şahsyýeti bilen ýaşan döwründe we ondan soň adyndan söz etdiripdir.

Şeýh Galibiň şygyrlary usul taýtan “Şebki Hindi” ýagny, Hindi usuly diýilýän edebi akymyň täsirinde ýazylypdyr. Onuň bu özbolşylygy hem özünden öňki we ýaşan döwrüniň şygyrlaryna meňzemeýän özüne mahsus şygyr usulyny ýüze çykarýar. Jemi dört eseri bardyr.

Galibiň şygyrdaky üstünligi we güýji ençeme şahyra çuňňur täsir ýetiripdir.Ol entek dirikä Esrar Dede we Neýýir Dede ýaly adamlar onuň täsirinde galyp, goşgy düzüpdirler.Täsiri dünýeden ötenden soň hem dowam edipdir.

Hat-da Keçejizade Izzet Mola, Hüsnü Aşkdan ylham alyp Gülşeni Aşk atly mesnewi ýazypdyr.Taryhçy Pertew, Aýntaply Aýni, Zewer Paşa, Bosniýaly Fehim, Şeref Hanym, Şyýhulyslam Arif Hikmet, Enderunly Rasih, Ýenişehirli Awni, Baýburtly Zihni ýaly şahyrlar oňa uly sarpa goýup, oňa şygyrlar ýazypdyrlar.

Döwrebap türk şygrynda Ahmet Haşim, Behçet Nejatigil, Asaf Halet Çelebi, Sezai Karakoç we Hilmi Ýawuz ýaly ussatlar Şeýh Galibiň şygyrlaryndan peýdalanypdyrlar.

18-nji ayryň esasy şahyrlaryndan biri we diwan edebiýatynyň soňky wekili Şeýh Galibiň şygyrlarynyň täzeçilligi, tapawutlylygy sebäpli gün-tertibinde möhüm orun tutup, döwürdeşlerinden başlap biziň günlerimize çenli köp sanly şahyra çuňňur täsir ýetiripdir.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji aerotaksi menziliniň gurluşygyna başlandy
“West Ham” ýeňlişsiz ýeňiji
Türkiye ýylyň ilkinji 4 aýynda 20 ýurda ançous eksport etdi
Dubaý ýene-de syýahatçylyk rekordyny täzeledi
Türkiye ary bal eksportyndan 13,5 million dollar girdeji aldy
Türkiyäniň çap eksporty 39 göterim artdy