“Disney” Ýaponiýada syýahatçylar üçin kaşaň kruiz gämisini gurar

Amerikan “Disney” hem-de Ýaponiýanyň “Oriental Land Company” kompaniýalary 2029-njy ýyldan Tokiodan gatnap başlajak täze kruiz gämisini gurmak üçin bilelikdäki taslamany mälim etdiler.Geljek ýylyň ýazynda başlanylmagyna garaşylýan bu taslamanyň bahasy 2 milliard dollar bolup, ol 4 müň ýolagça we 1,5 müň ekipaž agzasyna niýetlenen gäminiň gurluşygyny göz öňünde tutýar. Şeýle hem gäminiň ulanylyşa goýberilenden soň ilkinji ýyllar, takmynan 100 milliard ýen ($621,8 million) ýyllyk girdeji getirmegine garaşylýar. “Disney Signature Experiences”-iň ýolbaşçysy Tomas Mazlumyň bellemegine görä, “Ýaponiýadan gatnaw, bilşimiz ýaly, “Disney”-iň iň uly muşdaklarynyň biri bolan ýapon myhmanlary üçin deňizde dynç alşy has elýeterli eder”. “Disney Cruise Line” “The Walt Disney Company-nyň” golçur kompaniýasydyr.

Täze gämi kompaniýanyň häzirki wagtda “Disney Magic”, “Disney Wonder”, “Disney Dream” we “Disney Fantasy” gämilerini öz içine alýan flotunyň bäşinji gämisi bolar.Bularyň ählisi hem XX asyryň 30-njy ýyllarynyň birmeňzeş äheňde ýerine ýetirilen, çagalaryň söýgüli gahrymany Mikki syçanjygyň keşbi bilen iki sany gyzyl tüsseçykary bar. “Disney Cruise Line” dürli sebitlerde Ýewropa, Panama kanaly, Karib basseýni, Alýaska we Ýuwaş umman, Bagama adalary we transatlantik gezelençler gatnawlary hödürleýär.

Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň

Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Ýene degişli makalalar

Jonni Deppi Karib deňziniň garakçylaryna gaýtaryp getirmekçi bolýarlar
Jonni Deppiň Karib deňziniň garakçylaryna dolanyp barmagy mümkin
Titanik täze görnüşde kinoteatrlara dolanyp geler
'Öwrülişikli özgeriş' salgymy bilen sahna çykan syýasy karýera
Suwda ýaşasa-da ýüzüp bilmeýän jandar
“Fantasia” mýuzikal animasiýa filmi görkezildi