Disney we Sony kinostudiýalary rus prokatyna deňeçer importyň üsti bilen dolanmak isleýärler. Bu barada RF-niň Kinoteatrlar assosiasiýasynyň başlygy Alekseý Woronkow beýanat berdi diýip, Izwestiýa ýazýar.
Woronkow öň rus prokatyny terk eden Disney we Sony, şeýle-de Paramount hem-de Warner Brothers studiýalarynyň ýurda deňeçer importyň ýollaryny gözleýändiklerini nygtady.
Ýeri gelende aýtsak, geçen mart aýynda Sony Pictures hem-de Walt Disney Company studiýalary Russiýadaky işini bes edýändiklerini resmi mälim edipdiler.