Disney güýmenje kompaniýasy gozgalmaýan emläk bazaryna çykyp, ýaşaýyş ýerlerini gurmagy meýilleşdirýär. Bu başlangyç Storyliving by Disney diýlip atlandyrylýar we ol ýaşaýyş ýerlerini öz içine alýar, olaryň ilkinjisi Kaliforniýadaky Ranço Mýurreýde gurlar.
Ilkinji ýaşaýyş toplumy Cuotino diýlip atlandyrylyp, dürli ýaşdaky adamlar üçin niýetlener.Emma käbir beýleki ýerler kompaniýanyň 55 we ondan uly ýaşly muşdaklaryny göz öňünde tutar.Bu ýerler ýaşaýjylar täze dost tutunyp, umumy gyzyklanmalary tapyp biler ýaly derejede hem-de Disney-iň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp taslamalaşdyrylar. “Eýýäm tas ýüz ýyl bäri Disney dünýädäki adamlaryň ýüregine we içki dünýäsine täsir eden wakalar bilen paýlaşýar” diýip, Disney Parks, Experiences and Products bölümçesiniň başlygy Joş D’Amero aýdýar.
Ol kompaniýanyň ikinji ýüzýyllyga girmegine taýýarlyk görülýändigi sebäpli, Disney jadysyny adamlara nirede bolsalar hem ýetirmegiň täze we özüne çekiji usullarynyň işlenip düzülýändigini sözüniň üstüne goşdy.
Disney ýaşaýjylara çäreleri, seminarlary hem taslamalary hödürlär, ýaşaýjylar olara meýletinçi bolup gatnaşyp bilerler. Ýöne kärendeçilerden ýeňilliklerden peýdalanmak üçin ýörite ýaşaýyş jaý tölegi soralar.
Disney gozgalmaýan emläk boýunça kompaniýa DMB Development bilen ilkinji jemgyýeti ösdürmegiň üstünde işleýär. Öýler üçin göz öňünde tutulýan baha mälim edilenok, ýöne kompaniýanyň wekili olaryň potratçy tarapyndan kesgitlenjekdigini we bazar şertlerine esaslanjakdygyny aýtdy.