Disney 2024-nji ýylda Marvel kinoälemi boýunça dört film çykarar

Disney 2024-nji ýylda Marvel kinoälemi boýunça dört film çykarar

Disney kompaniýasy özüniň reliz tertibine 2024-nji ýylda çykjak Marvel älemi boýunça dört sany täze kinokomiksi goşdy. Kartinalaryň atlary heniz belli däl, ýöne premýeralaryň takyk senesi yglan edildi: 16-njy fewral, 3-nji maý, 26-njy iýul we 8-nji noýabr. Bu barada “ScreenCrush” neşiri habar berýär diýip, kanobu.ru belleýär.

2023-nji ýylda Marvel janköýerleri bäş filmi görüp bilerler. Olaryň arasynda “Galaktikanyň sakçylarynyň” (Guardians of the Galaxy) we “Garynja adamyň” (Ant-Man) trikwelleri, şeýle-de üç sany ady agzalmadyk kartina bar.

2022-nji ýylda Marvel kinoälemi dört kartina taýýarlaýar: “Tor: Söýgi we gümmürdi” (Thor: Love and Thunder), “Gara pantera: Wakanda baky” (Black Panther: Wakanda Forever), “Marweller” (The Marvels) we “Lukman Strenj we multiälem telbeligi” (Doctor Strange in the Multiverse of Madness).

2021-nji ýylda “Ebediler” (4-nji noýabr) we “Möý adam: Öýe ýol ýok” (16-njy dekabr) filmleriniň premýeralarynyň bolmagyna garaşylýar.

“Suw perijiginiň” hem global premýerasynyň senesi belli boldy 2023-nji ýylyň 26-njy maýy. Onuň ýola goýulmagyna Rob Marşall jogap berýär. Filmiň surata düşürilişi eýýäm tamamlandy. Arieliň keşbini Holli Beýli ýerine ýetirdi.

Asyl nusgasy çykandan 13 ýyl soň, 2022-nji ýylyň 16-njy dekabryna “Awataryň” dowamy meýilleşdirilýär. 2028-nji ýyla çenli bolsa ýene üç dowamy çykar. Ähli bölümlere Jeýms Kemeron režissýorlyk edýär.

Ýene degişli makalalar

Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ýylyň garaşylýan filmleri
Ýylyň iň köp girdeji gazanan 10 filmi
Hepdäniň täze animasiýalary
Marvel Entertainment kinostudiýasynyň başlygy işden boşadyldy
Barak Obama “görnükli gürrüňçi” hökmünde “Emmi” baýragyny aldy