Diş sagdynlygyny nähili goramaly?

Adam saglygy şahsy arassaçylyk bilen gönüden-göni baglydyr. Şahsy arassaçylyga dişleriň sagdynlygy, agyz boşlugynyň arassalygy hem degişlidir.Dişleriň sagdyn bolmagy käbir keselleriň döremeginiň öňüni alýar.Dişiň arassaçylygyna seredilmedik ýagdaýynda dürli nähoşluklar ýüze çykyp bilýär.

Dişiň çüýremeginiň öňüni almagyň iň täsirli ýoly ony wagtly-wagtynda arassalamakdan ybaratdyr.Dişi wagtly-wagtynda ýuwmagyň ähmiýetli bolşy ýaly, öz ýaşyňyza görä diş pastasyny we çotgasyny saýlamak hem ähmiýetlidir.

Lukmanlar islendik ftorly diş pastasynyň ulanylyp bilinjekdigini belleýärler.Esasy zat dişi bolmalysy ýaly çotgalamaga üns bermeli.Dişi çotgalamagy kiçilikden endik edinmek ulalansoň hem dişiňiziň saglygyny goramaga ýardam eder.

Nahar iýlende iýmit bölejikleri dişe ýelmeşýär. Şeýlelikde, dişiň daşynda iýmit gatlagy emele gelýär. Bu gatlagy wagtynda aýyrmasaň, agyz boşlugynda bakteriýalar köpelip başlaýar. Bu bakteriýalar glýukozany özüne siňdirip, süýt turşulygyny bölüp çykarýarlar. Esasan, süýji iýmitler köp iýilse we wagtynda arassalanmasa, dişiň syrçasyna zeper ýetýär.

Dişiňi irden ertirlikden soňra hem-de agşam ýatmazdan öň üç minutlap çotgalamak maslahat berilýär. Diş pastasynyň noýba ýalysy ýeterlik hasap edilýär. Alyn we azy dişleriňiziň iki gapdalyny we üstüni mazaly çotgalamagy unutmaň! Gerek bolan halatynda ululardan dişiňizi nähili çotgalamalydygyny sorap bilersiňiz. Dişiňi çala ýuwmak olaryň aralarynda iýmit bölekleriniň uzak wagtlap saklanmagyna getirýär. Bu hem dişiňe zeper ýetirýär.

Diş çotgasynyň hem ýaşyňyza gabat gelýän we ýumşak ýa-da orta gatylykdaky görnüşini saýlap alyň!

Diş ýuwlanda, şulara üns beriň!

Diş çotgasyny aşa basyp ýuwmaklyk dişlere zyýan ýetirip biler!

Dişleriň iki tarapy hem-de üsti gowy arassalanmaly!

Dişler ýuwlanda belli bir yzygiderliligi saklamagy endik ediniň! Mysal üçin, ilki daşky tarap ýuwlup, soňra içki tarap we ş.m.

Günüň dowamynda iki-üç gezek, esasan, irden hem-de agşam ýatylmazdan öň dişleriňizi ýuwuň!

The post Diş sagdynlygyny nähili goramaly? appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Reflýuks
Dişlerimi çotgalaýaryn…
Türkmen kärhanalary birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşdylar
Täze dişleri ösdürmegiň usuly tapyldy
Deňiz ýakasy we iri taslamalar
Mekdep resmisi ýaş pälwanyň ölümini onuň dişini sogurtmagy bilen ilteşdirýär
Saglyga zyýanly gündelik ýol berilýän 7 ýalňyşlyk