“Diridigini subut etmedik” lebaplylaryň onlarçasyna maý aýynyň pensiýasy we kömek puly berilmedi

“Diridigini subut etmedik” lebaplylaryň onlarçasyna maý aýynyň pensiýasy we kömek puly berilmedi

Lebabyň Türkmenabat şäherinde pensionerleriň we maýyplaryň onlarçasy maý aýy üçin pensiýa we döwlet kömek puluny alyp bilmedi.

Muňa olaryň özleriniň diridigini her üç aýdan bir gezek subut etmek baradaky talaby ýerine ýetirip bilmezligi sebäp boldy. Lebaplylaryň ençemesi talabyň garry we näsag adamlary kösemekden başga zat däldigini aýdyp, nägilelik bildirýär.

“Men soňky üç aýda pensiýa bölümine baryp, özümiň diridigimi subut edip bilmedim, ýagny bellige durup bilmedim. Şol sebäpli maý aýy üçin pensiýamy bermediler. Pensiýa bölüminiň işgärleri indiki aý üstüne goşup bererler diýdiler” diýip, türkmenabatly pensioner anonim şertde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakyndaky kanunynyň 8-nji maddasynyň 3-nji bendinde “pensiýalary ýa-da döwlet kömek pullaryny alýanlar her alty aýdan bir gezek Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda bellenilmäge borçludyr” diýilýär.

Ýöne Lebabyň pensiýa bölüminiň resmileri 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri pensionerlerden we maýyplardan özlerini her üç aýdan bir gezek bellige aldyrmagy talap edýärler.

Talaba laýyklykda, olardan pensiýa bölümine barmak we bu ýerde özleriniň diridigini tassyklatmak hökmany bolup, muny berjaý etmedik pensionerlere we maýyplara soňky aý üçin pensiýa we kömek puly berilmeýär.

Şu aýyň başynda şeýle ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolan lebaply pensionerleriň we maýyplaryň ençemesi, şeýle-de olaryň hossarlary kanuna laýyklykda, alty aýdan bir gezek bellige durmalydygyny aýdyp, pensiýa bölüminiň resmilerine nägilelik bildirdiler.

“Belki adam ýogalandyr, hossarlary bolsa hezil edip hökümetiň puluny iýip ýatýarlar. Şol sebäpli her üç aýdan bir gezek bellige durmaly diýip, Türkmenabat pensiýa bölüminiň resmisi nägilelik bildiren maýyplaryň hossarlaryna aýtdy” diýip, lebaply pensioner şaýat bolan ýagdaýlaryny anonim şertde gürrüň berdi.

Pensionerler we maýyplar, şeýle-de olaryň hossarlary bu barada welaýat resmilerine edýän şikaýatlarynyň hem oňyn netije bermeýändigini aýdyp, talabyň garry we näsag adamlary juda köseýändigini belleýärler.

“1-nji we 2-nji derejeli maýyplygy bolan we gartaşan pensionerleriň diridigini subut etmek üçin, köplenç olaryň hossarlary ähli işini goýup, olary pensiýa bölümine alyp gidýärler.Mysal üçin, men her üç aýdan bir gezek bir gün işden rugsat alyp, atamy pensiýa bölümine äkidýärin.

Onuň üçin hem başlygyma 20 manat para bermeli bolýaryn.Bu talap, meni we garry atamy kösemekden başga zat däl” diýip, Üç punkt etrapçasynyň bir ýaşaýjysy anonim şertde gürrüň berdi.

Üstesine-de, ol pensiýa bölüminde adamlaryň nobatlarynyň juda uludygyna, käte basa-baslyklaryň ýüze çykýandygyna hem ünsi çekip, howanyň temperaturasynyň gündizlerine 40 gradusa çenli ýetýän şu günlerde garry adamlaryň we maýyplaryň saglygynyň ýaramazlaşmagy bilen bagly ýagdaýlaryň hem bolýandygyny belleýär.

“Pensiýa bölüminiň binasy sowet döwründe gurlan, onda 40 ýyldan gowrak wagt bäri düýpli abatlaýyş işleri geçirilmedik, içinde kondisioner hem ýok. Binanyň içinde howa örän dymyk” diýip, “10 ýyllyk” etrapçasynyň bir ýaşaýjysy aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň Pensiýa gaznasyndan teswir alyp bilmedi.

Ýöne gaznada işleýän tehniki işgärleriň birnäçesiniň anonim şertde habarçymyza aýtmagyna görä, her üç aýdan bir gezek bellige aldyrmak talaby, edaranyň käbir resmileriniň bikanun, goşmaça gazanç etmegi üçin güýje girizilendir.

“Bellige alýanlar bilen araňy sazlaýarsyň, olaryň taksi puluny töleýärsiň. Şondan soň olaryň özleri her gezek öýüňe gelip, bellige alýarlar. Munuň üçin her gezek olaryň jübüsine 100 manat soksaň ýeterlik. Bu ýerde esasan gurpsyz maşgalalar ejir çekýär” diýip, bir tehniki işgär aýtdy.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň bir hasaplanylýan Türkmenistanyň media serişdeleri bu ýagdaýlar barada mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen pensionerlerine apreliň puly berilmedi, olardan diriligini subut etmek talap edildi
Türkmen pensionerlerine apreliň puly berilmedi, olardan diriligini subut etmek talap edildi
Pensionerleriň adyna kredit karzlarynyň galplaşdyrylmagy bilen bagly wakalar ýüze çykýar
Balkanyň pensiýa gaznasynda barlag geçirilýär, pensionerlerden 60 müň manada çenli serişdäni yzyna gaýtarmak talap edilýär
Gyzylarbatda Pensiýa gaznasynyň edara binasy ulanylmaga berildi
Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda