Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.Resminama laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ony aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda we baýlaşdyrmakda, halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde görkezen aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, şu daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglanyldy:
Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hossein Ali Mostafa Ghannam,
Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wýaçeslaw Wasilýewiç Beskostyn,
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen,
Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wiktor Maýko,
Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýd,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al-Haý Al-Hameli,
Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawal,
Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili,
Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari,
Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad Raşid H.M.Al-Azbin,
Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow,
Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldi,
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin,
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon,
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tek,
Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merlen,
Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda Alibek,
Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Fuzuli ogly Gozalow,
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Ali Mardan,
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasaki,
Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin,
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok,
Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagat,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi K.K.Ahsan Wagan,
Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Askarowiç Nogaýew,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsen,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Elizabet Rud Helen,
Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Gagikowiç Awagýan,
Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Azadbekowiç Alimow,
Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili Faýzal Mohammed Sabir,
Liwiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýolbaşçysy Mahmud A.M.Hasan,
Watikanyň Türkmenistandaky Apostol nunsiaturasynyň medeniýet meseleleri boýunça attaşesi Anjeý Madeý,
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (OSCE) Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon Senkler MakGregor,
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko,
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan,
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze,
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Beata Anna Peksa,
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna,
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky wekili Ýegor Zaýsew,
Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Artur Andrisýak,
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni.