Diňleýjiler Owazdan sowal bäsleşigi arkaly okuwa girmäge hukuk gazanyp bilerler

Diňleýjiler Owazdan sowal bäsleşigi arkaly okuwa girmäge hukuk gazanyp bilerler

Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň Türkmen owazy teleradioýaýlymynyň Owaz radioýaýlymy 2024-nji ýylyň awgust aýynyň dowamynda her çarşenbe güni sagat 13:00-daky habarlardan soň Owazdan sowal bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

Owaz radioýaýlymynda ýaýlym arkaly diňleýjilere dürli ugurlar boýunça sowallar berlip, her sowala dogry jogap beren diňleýjileriň ählisi Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň Hünär tehniki okuw mekdebiniň 1,5 ýyllyk okuwynda öz saýlan islendik hünärinde okamaga hukuk gazanar. Okuwy tamamlan her bir talyba döwlet nusgasynda diplom berilýär.

Bäsleşige islendik adam islendik ýerden ýaýlymda aýdyljak gysga belgä öz jogaplaryny ýollap, gatnaşyp bilerler.

Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň guramagynda Iň gowy radiogepleşik bäsleşigini yglan edildi. Bu bäsleşigiň sanawynda Owazdan sowal sowal-jogaply gepleşik hem bar. Eger-de bu gepleşige ses berip goldamak isleseňiz, 0530 gysga belgä 24 san belgini SMS arkaly ýollap ses berip bilersiňiz.

Ses bermegiň netijelerini turkmentv.gov.tm saýtyndan yzarlap bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

“Owaz” radioýaýlymyndan çäksiz sowgat
Ussat halypalardan söz açýan gepleşikler üçin ses berilşik yglan edildi
Iň gowy radiogepleşigi saýlamak boýunça ses berlişik başlandy
Ýyldyz aýdymçylara SMS arkaly ses bermeklik başlady
Türkmen radio ykjam goşundysy AppStore internet dükanynda peýda boldy
Türkmenistanda öndürilen milli nyşanynyň şekilini işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik geçiriler, Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde Remezana bagyşlanan sergi açyldy, Berkarar kinoteatrynyň afişasy we beýleki täzelikler