
Aşgabadyň döwlete degişli azyk dükanlarynda we söwda nokatlarynda, dört aý arakesmeden soň, bitin towuk eti peýda boldy. Emma olaryň köpüsinde alyjylara towuk satylmaýar. Dükan satyjylarynyň ençemesi bularyň satlyga däl-de, diňe barlagçylara “towuk bolçulygyny” görkezmek üçin goýlandygyny aýdýar.