Diňe “Ýuwentus” galdy

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda häzirlikçe ýeňilmedik ýeke-täk topar “Ýuwentus” bolup, geçen tapgyrda Fransiýanyň çempiony PSŽ bu derejesini ýitirdi.Parižliler myhmançylykda 2-nji hatardaky “Liondan” 21 hasabynda asgyn geldi.

Myhmanlar 7-nji minutda Di Mariýanyň goly bilen öňe saýlansalaram, ýer eýeleri Dembele (33) we Fekiriň (49 p) pökgüleri esasynda ýeňiş gazandy.Bu olaryň çempionatdaky ilkinji ýeňlişi bolup, Ýewropanyň TOP 5 ligasynda häzirlikçe ýeňilmezekligini diňe Italiýanyň “Ýuwentus” topary dowam etdirýär.

Turinliler geçen tapgyrda “Parma” bilen duşuşdy we soňky minutlarda gol geçirdip, meýdançany deňlikde terk etdiler (33, Ronaldo 36, 66, Rugani 62 — Barilla 64, Žerwinio 74, 90+3).Italiýanyň çempionatynda tapgyryň iň esasy oýnunda “Roma” bilen “Milan” 1 utugy paýlaşdylar.

Ispaniýanyň “La Ligasynda” “Walensiýa” bilen deňme-deň oýnan sanawyň lideri “Barselona” 2 utuk ýitirdi (22; Messi 39 p, 64 — Gameiro 24, Pareho 32 p). “Betisden” 10 asgyn gelen 2-nji ýerdäki “Atletiko Madride” bu pursatdan peýdalanmak başartmady.

Madridiň “Realy” bolsa, “Alawesi” Benzema (30), Winisius Junior (80) we Diazyň (90+1) gollary bilen 30 ýeňdi.Germaniýanyň “Bundesligasynda” öňdebaryjy “Borussiýa Dortmund” myhmançylykda “Aýntraht” bilen deňme-deň oýnady. “Bawariýa” welin, “Baýerden” 31 utuldy.

Angliýanyň çempionatynda-da “Liwerpul” 1-nji ýeri elden giderdi. 1 oýny artyk “Mançester Siti” öz meýdançasynda “Arsenaly” Agueronyň het-trigi bilen 31 ýeňdi (Aguero 1, 44, 61 — Kosielni 11). “Sitililer” wagtyndan ir oýnan duşuşygynda-da “Ewertondan” 20 üstün çykyp, 1-nji orna galdy. “Liwerpul” bolsa bassyr 2-nji duşuşygynda-da 11 deňme-deň oýnady.

Ýene degişli makalalar

FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Iňlis toparlary italýan toparlaryndan öňe saýlandy
ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji
“Milan” “Ýuwentusy” derbi-dagyn etdi
“Real Madridiň” tomusky transfer möwsüminde etsem-goýsamlary
Dünýäniň iň gymmat futbolçylary