Diňe logotipinde guşuň şekili bolan toparlarda çykyş edýär

“Premier Liganyň” wekili “Kristal Palas” topary “Lasio” bilen şertnamasy tamamlanan ýaponiýaly ýarymgoragçy Daiçi Kamadany düzümine goşdy. 27 ýaşyndaky oýunçy londonlylar bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy.Ol özüniň “Kristala Palasa” geçmegi bilen baglanyşykly: Öňki halypam Oliwer Glasner bilen täzeden işleşmek men örän begendirýär.

Premier Ligada oýnamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn diýdi.Kamada “Lasioda” geçen möwsümde 38 oýunda 2 gol geçirip, 2 goluň pasyny berdi.

“Lasioda bir möwsüm oýnan Kamada ondan öň “Aýntrahtda”, şol sanda 2018/19 möwsüminde Belgiýanyň “Sint-Triden klubunda kärendesine çykyş edipdi. Ol 2015-nji ýylda ýurdunyň “Sagan Tosu” klubunda futbola başladypy. Kamadanyň çykyş eden klublarynyň ählisiniň nyşanynda (logotipinde) guşuň suratynyň bolmagy aýratyn bellärliklidir. Onuň çykyş edýän milli ýygyndysynyň, ýagny Ýaponiýanyň milli toparynyň hem logotipinde guşuň şekili bar.

Ýene degişli makalalar

Üç uly çempionata badalga berilýär
“Bawariýa” londonlylaryň 2 futbolçysyny 116 million ýewro transfer etdi
15 ýyllyk toparyndan gaýtdy
Angliýanyň “Premier Ligasy” “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda
“Premier Liganyň” taryhynda 2-nji gezek
“Liwerpul” içini sowatdy