Diňe guşlar uçýarmy?!

Her bir janly-jandaryň özüne mahsus tebigy aýratynlygy bar.Mysal üçin, ýüzmek, dyrmaşmak, çalt ylgamak, uçmak we ş.m.Haýwanat dünýäsi köpdürlüligi bilen tapawutlanyp, süýdemdirijiler, süýrenijiler we ýerde-suwda ýaşaýanlar diýen toparlara bölünýär.

Guşlar we mör-möjekleriň käbir görnüşi myşsalaryny hem-de ganatlaryny ulanmak arkaly howada hereket edip bilýärler.Göräýmäge guşlaryň hemmesi uçup bilýän ýaly.Emma olaryň uçup bilmeýänleri (düýeguş, kiwi, pingwin) hem bar.

Guşlardan başga-da, Ýer ýüzünde uçup bilýän janly-jandarlaryň birnäçesi ýaşaýar.Eýsem, olar ganaty bolmazdan nädip uçýarlarka?!Geliň, uçup bilýän täsin jandarlar baradaky gyzykly maglumatlar bilen tanyş bolalyň!

Kolugos. Süýdemdirijiler maşgalasyna degişli bolan bu jandar Günorta-Gündogar Aziýada duş gelýär.Uçýan lemur diýlip hem atlandyrylýan kolugoslar aslynda uçmaýarlar.Olar bir agaçdan beýleki agaja böküp hereket edýärler. 200 metre çenli howada gaýyp bilýändigi üçin kolugoslar uçýan ýaly görünýär.

Agaçda ýaşaýan bu jandarlaryň boýy 35-40 santimetre, agramy 1-2 kilograma ýetýär.Kiçijik kelleli kolugoslaryň dürbi ýaly ýiti gözleri bar. Şeýle hem uzyndan inçe aýagy, uzyn guýrugy we ýiti dyrnaklary bar.

Eşigi özüne uly bolýan ýaly görünýän bu jandarlaryň derisi batbörek görnüşde açylýar hem-de uçmaga mümkinçilik berýär.Gündizine dynç alýan bu jandarlar gijesine iýmitlenmek üçin agaçdan agaja bökýärler.

Uçýan balyk. Balyklar maşgalasynyň bu wekili suwdan çykyp, ýüzgüçlerini ganat ýaly hereketlendirmek arkaly 200 metre çenli uçup bilýär.Uçýan balyklar sagatda 56 kilometr tizlik bilen hereket edýärler.

Bu balyklara suwuň ýüzüne ýetende tizligini ýokarlandyrmak üçin guýrugy ýardam edýär. 7 görnüşi bolan uçýan balyklar Barbados adalarynyň milli nyşanydyr. Ýyrtyjy balyklardan gaçyp, suwuň ýüzüne çykýan ýaly görünýändigine garamazdan, howada ýüzmek uçýan balyklaryň tebigy häsiýetidir.

Uçýan balyklar köplenç gyzyl petekeli frigat guşlaryna aw bolýarlar.

Uçýan ýylan. Süýrenijiler maşgalasyna degişli bolan chrysopelea atly ýylan Günorta-Gündogar Aziýanyň tokaýlarynda duş gelýär.Aerodinamiki ukyplary bolan bu ýylanlar 20 metre çenli uçup bilýärler. Ýylanlaryň bu görnüşi göwresini pružin ýaly egrem-bugram saklap, birden öňe okdurylýar. Ýylanyň kellesini durnukly ýagdaýda saklamagy uçuş aralygyna täsir edýär.

Uçýan ýylanlaryň esasy aýratynlygy aşakdan ýokarlygyna hem-de keseligine böküp bilýänligidir.

Uçýan hažžyk. Süýrenijileriň bir görnüşi bolan kiçijik aždarha 60 metre çenli uçýandygy bilen tapawutlanýar. Onuň göwresiniň iki gapdalyndaky ýelpewaja meňzeş deri epinleri agaçlaryň arasynda uçmagyna mümkinçilik berýär. Uçýan aždarha diýlip hem atlandyrylýan bu süýrenijiler Günorta-Gündogar Aziýadaky we Hindistanyň günortasyndaky areka tokaýlarynda duş gelýär.

Uçýan süýdemdiriji. Gündizine dynç alyp, gijesine hereket edýän letýagiler 90 metre çenli uçup bilýärler. Olaryň öň we yzky aýaklarynyň aralygyndaky deri epinleri ýaýbaň şekili emele getirip, agaçlaryň aralygynda uçmagyna ýardam berýär. Uçuşy we uçuş aralygyny sazlaýan zat bu jandarlaryň guýrugydyr. Letýagiler Aziýadaky, şeýle hem Demirgazyk Amerikadaky we Ýewropadaky tokaýlarda ýaşaýar.

Uçýan gurbaga. Wallesiň uçýan gurbagasy şadyýan jandarlaryň beýleki görnüşleriniň arasynda iň meşhury hasaplanýar. 15 metr aralyga çenli uçup bilýän bu gurbagalaryň perdeli barmaklary bar.Olar bökenlerinde aýaklary howada deňagramlylygy saklamak arkaly uçýan ýaly bolup görünýär.

Uçýan gurbaganyň esasy aýratynlygy batgalyklarda däl-de, agaçlarda ýaşaýanlygydyr.Bu gurbagalar wagtynyň köp bölegini agaçlaryň şahalarynda geçirýärler.Wallesiň uçýan gurbagasy Malaýziýanyň we Borneonyň tropik tokaýlarynda ýaşaýar.Bedeniniň ululygy 10 santimetre ýetýän bu gurbaganyň reňki açyk ýaşyl bolup, sargylt menekleri bar.

Uçýan garynja. Ýer ýüzünde garynjalaryň 12 müňden gowrak görnüşiniň bardygy bellenýär.Iň işeňňir jandarlaryň biri bolan garynjalar dünýäniň ähli ýerinde duş gelýär.Göräýmäge garynjalaryň hemmesi ýerde hatar gurap hereket edýän ýaly. Ýöne olaryň uçýan görnüşleri hem bar.

Daşky görnüşi ara meňzeş uçýan garynjalar belli bir möwsümde ganat çykarýarlar.Ganatly garynjalara başgaça alate diýilýär.Bu garynjalar uçýandygyna garamazdan, adaty garynjalar ýaly ýeriň aşagynda ýaşaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Haýwanlar dünýäsindäki täsinlikler
Belgiýanyň Challenge Airlines awiakompaniýasy Aşgabatda gonup geçmek bilen ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlady, Türkmen mekdep okuwçylary TURKSOÝ bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldylar we beýleki habarlar
Janly tebigatyň milli muzeýinde dürli yklymlardan ýygnalan ösümlik we haýwanat dünýäsiniň wekilleri bar
Ak gaplaň dünýä indi
Iň kiçi goşatoýnakly jandar
Dünýäniň iň agyr organizmi