DIM: Türkmenistan Özbegistandaky wakalar bilen bagly goldawyny bermäge taýýar

DIM: Türkmenistan Özbegistandaky wakalar bilen bagly goldawyny bermäge taýýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky günlerde Özbegistan Respublikasynyň Garagalpagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýändigi barada habar berdi.

Özbegistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň taslamasy zerarly 1-nji iýulda Garagalpagystanyň paýtagtynda dawalar başlandy.Konstitusiýadaky göz öňünde tutulýan üýtgetmeleriň biri hem Esasy Kanundan Garagalpagystanyň özbaşdaklygy hakynda Düzgünnamany we onuň halkynyň ählihalk sala salşygyny geçirmek netijesinde ýurtdan bölünip aýrylmaga hukugyny aýyrmaklygy göz öňünde tutýardy.

Dawalar başlanandan soň, Özbegistanyň Prezidenti Nukus şäherine geldi we bu ýerde Respublikanyň awtonomlygyna dahylly ýurduň Konstitusiýasynyň üýtgedilmejekdigini aýtdy.Dawalar netijesinde, azyndan, 18 adam aradan çykdy, 243-si ýaralandy diýip, Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň wekili Abror Mamatow habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar
Özbegistanyň häkimiýetleriniň Garagalpagystan babatda “aýgytly hereketini” Türkmenistan goldaýar
Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Özbegistanyň Garagalpagystan Awtonomiýasynda 14 adam göz tussaglygyna alyndy
Türkmen wekiliýeti Nukus şäherinde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy
Türkiýe Özbegistana çagyryş berdi