DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Arkadag şäheri — geljegiň şäheri atly täze kitap tanyşdyryldy

DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Arkadag şäheri — geljegiň şäheri atly täze kitap tanyşdyryldy

Şenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen Arkadag şäheri — geljegiň şäheri atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Institutyň web sahypasynda habar berlişi ýaly, bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Aşgabatda akkreditlenen halkara guramalaryň wekilleri we diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem paýtagtda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Tanyşdyryş dabarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa we beýlekiler çykyş etdiler.

Dabaranyň dowamynda sanly çözgütler we intellektual mümkinçilikler, akylly öýleriň we şäherleriň taslamalarynyň geljegi, bilim we ylym, ykdysadyýet pudaklarynda innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we bilelikdäki gözlegler üçin potensial ugurlar barada gyzykly pikir alyşma geçirildi.

Çykyşlarda Arkadag şäheriniň häzirki zaman şäher meýilnamalaşdyryş merjenleriniň birine öwrüljekdigine, şäher infrastrukturasynyň toplumlaýyn ösüşine iň jogapkärli döwlet çemeleşmesiniň mysaly boljakdygyna ynam bildirdi diýip, çeşme belleýär.

Arkadag şäheri — geljegiň şäheri atly kitap şäheriň täsin binalarynyň we desgalarynyň suratlary bilen bezelipdir. Kitapda üç dilde türkmen, iňlis we rus dillerinde beýan edilýär.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanda täze Arkadag şäheri 29-njy iýunda dabaraly ýagdaýda açyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bilim ministrligine emeli aňly bilim taslamasy tanyşdyryldy
Bilimdäki para ýaşlaryň ýoluny ýapýar, prezidentiň ogly Angliýada 'okady'
Türkmenistanyň bilim ministri täzelendi
Türkmenistan we Koreýa bilim pudagynda gatnaşyklary berkitmegi ara alyp maslahatlaşýarlar
Türkmen wekiliýeti Hytaýda geçirilýän halkara foruma gatnaşýar
Aşgabatda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli dabara geçirildi
Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi