Dilşat Meläýewa: sahna sungatynda adygan artist

Teatry ähmiýetli we gyzykly edýän režisýor.Režisýoryň döredijiliginiň baş maksady tomaşaçylary tolgundyrýan, olary oýlandyrýan, durmuş akymyna kybap spektakl döretmek...Duňe şonda spektakl mili-estetiki ýörelgelere laýyk gelýän sungat eserine öwrülýär.

Teatr tomaşaçy bilen režisýoryň döredijilik pikirine kybap dilde söhbet edýär, çeper tilsim näçe inçe boldugyça, ol şonça-da nepis görünýär.Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň Döwlet baýragynyň eýesi, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi -täzelikçi režisýor, milli teatryň taryhynda şanly täze sahypa açan we sahna hekaýatyna kinematografik tilsim girizip, ony köpugurlylygy hem epiki çuňňurlygy bilen baýlaşdyran syňňy-şahsyýet Kakajan Aşyrowyň ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň her bir işi şunuň ýaly duýgylara baý çeper dilli çykýar...

Aktýor bolmak üçin gowy bilim alanyň ýetik däl.Artisti sahna, synçylyk, öwrenmek, täzelikleri oýlap tapmak terbiýeleýär. Ýokary okuw mekdebini gutaryp bolar, ýöne teatra geleniňden soňam okamagy-öwrenmegi dowam etmeli, başarnyk-endigiňi sünnälemeli, ukybyňy ussatlyga öwürmeli we köpçülikleýin döredijilik akymyna sazlaşyp-utgaşyp gitmäge jan etmeli.

Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň esasy artisti Dilşat Meläýewa ýokarda aýdylanlara laýyk gelýänlerden.Dilşat döredijilik adamlarynyň maşgalasynda dünýä indi.Onuň kakasy Annadurdy Annagylyjow Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndkay döwlet sazly-drama teatrynda oýun goýujy režisýor bolup işledi.

Ol gyzyny köplenç repetisiýalara we spektakllara ýany bilen äkiderdi.Dilşat käte köpçülikleýin sahnalarda hem çykyş ederdi. Ýöne kakasy Annadurdy Hapykowiç onuň öz ýoluny dowam ederine höwesek däldi.Ol ogly Serdar artist bolar öýdüp umyt edýärdi, ol çaga döwri bu ugurdan zehinlidi.

Emma Serdar harby käri saýlap aldy.Doganyndan tapawutlylykda Dilşat öte utanjaňdy.Gyzynyň açylyp, deň-duşlaryna goşulyp-garylyp gitmegine ýardam etjek bolup, ejesi Jeren Annagylyjowa ony öz işleýän ýeri Çagalar we ýetginjekler köşgüne äkiderdi, ol bu ýerde drama gurnagyny alyp barýardy.

Dilşat beýleki çagalar bilen spektakllara gatnaşýardy. 2007-nji ýylda Dilşat kakasynyň maslahaty bilen A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň ýanyndaky mekdep-studiýa okuwa girdi.Ol teatra muşdak we güýçli döredijilik ideýalara baý deň-duşlarynyň arasyna düşdi.

Olaryň hyjuwy gyza-da täsirini ýetirid, okuwa başlandan iki hepdeden soň ol bu käre iteren kakasyna tükeniksiz minnetdar boldy. -Mekdep-studiýany tamamlanymdan soň men Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aktýorlyk fakutetinde okuwymy dowam etdim.

Meniň bagtym çüwüp, üç ýyllap sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Ata Alowowdan tälim aldym, ol aradan çykýança teatra we okuwçylaryna wepaly bolup galdy.Ussat ýogalandan soň bize başga bir nesliň wekilleri Urmatkan we Anna Meläýewler sapak berdiler.

Olar Gamleti perfomans žanrynda diplom spektaly hökmünde goýdular.Onda maňa Gamletiň ejesi Gertrudanyň keşbini döretmek miýesser etdi...Bizi medeniýet institutynyň talyplaryny Baş drama teatryna köpçülikleýin sahnalarda oýnamaga çagyrýardylar.

Repetisiýalara gatnaşanymda täze spektaklyň döreýiş syrlaryna haýran galyp syn ederdim, Kakajan Aşyrowyň zehini we awtorlyk garaýşy bilen janlandyrýan döredijilik jadysyna maýyl bolýardym.Onuň işlerinde boş gahrymanlar we detallar duş gelmeýär.

Sahna bezeginiň her biri elementinde pikir duýulýar, sesler, hereketler, duýgylar... ýordumyň ýörelgesine kybap gelýär.Men: Şeýel adamdan öwrenäýseň! -diýip arzuw edýärdim.Belki, maňa ykbal gülüp bakýandyr, sebäbi instituty tamamlanymdan soň hut şu teatrda iki ýyllyk iş tejribesini geçmeli boldum.

Teatryň işgärleri meni mähirli kabul etdiler, ýöne men ol wagt aýagy agyrdym, şonuň üçinem kiçiräk keşplerde çykyş ederdim. Çagama seretmek boýunça rugsatdan gaýdyp gelenimde men syrkawlan aktrisa derek Suwulgan spektaklynad çykyş etmeli boldum.

Taýýarlanmmaga bary-ýogy iki gün bardy, ýöne men wezipäme hötde geldim.Däli Domrul spektaklynyň täze görnüşi sahnalaşdyrlanda Kakajan Aşyrow meni baş gahrymanyň Näzliçeçegiň keşbini döretmäge çagyrdy.Iş kynlyk bilen ýöreýärdi, spektaklyň esasy gahrymanynyň keşbini döretmek, öz gahrymanymyň şahsyýetiniň ähmiýetine ynandyrmak başartmaýardy.

Onsoň Kakajan Aşyrowiç maňa Näzliçeçegiň keşbini ussatlyk derejesinde döreden Türkmenistanyň halk artisti Gülnabat Aşyrowanyň oýnan spektaklynyň birinji görnüşiniň wideoýazgysyny görmäge berdi.Ol maňa režisýoryň pkirine düşünmäge ýardam etdi, ýöne indi öňki keşbi gaýtalamajak bolmalydy.

Wagty bilen men çekinjeňligi we gorkyny ýeňip geçdim, öňümde juda uly maksat goýmadym-da, epiki ýordumyň ýol-ýörelgesine düşmäge, gahrymanymyň hereketleriniň sebäbine düşünmäge çalyşdym, şeýdibem kem-kemden Näzliçeçegiň sahna keşbini kemala getirdim.

Men Gülnanabat Aşyryowanyň hut özüniň gatnaşmagynda spektakl tabşyrylanda baş synaga döz gelmeli boljakdygymy bilýärdim.Sahna çykanymda gaty tolgundym, ýöne oýnuň ahyrynda özüm üçin bahasyna ýetip bolmajak iki söz: Maňa ýarady!

diýlenini eşidenimde depäm gök diredi.Soňra komediýa spektaklynda çykyş etmeli boldum.Dramatik häsiýetli atrisa maňa --gülegen Bibijanyň keşbini döretmek kyn düşdi, galyberse-de gülmek maňa gaty kyn düşýär.

Sahnada aglamak - aňsat, ýöne jakgyldap gülmek welin öte kyn zat-da.Onsoň men bilgeşleýin gülüp başladym.Ir ertirden giç agşama çenli gülüp, öýdäkileriň ýüregine düşsemem, maksadym-a ýetdim.

Baş drama teatrynda işlän döwrüm 23 rolda çykyş etmek miýesser etdi, şolaryň 15-si esasy keşpler. Şonda-da özümi esasy aktrisa saýmaýaryn, sebäbi meniň hünär taýdan kemala gelmegim heniz dowam edýär.

Men sahnada dürli zenan ykballaryny döretdim.Olar dürli taryhy döwürlerde ýaşaýarlar, pikirleridir hereketleri saýry, dürli zatlary arzuwlaýarlar, emma olaryň baryny birleşdiýän söýgidir ýagşylygy öz oýnum bilen tomaşaçylaryň ýüregine ýetirjek bolýaryn.

Ussat halypa Kakajan Aşyrow bize oýnamaly däl-de, gahrymanyň ykbaly bilen ýaşamagy we onuň gözi bilen dünýä bakmagy, ýürekden gülüp-aglamagy, tomaşaçyny sahna hekaýatyna ynandyrmagy öwredýär, men ony ömrümiň baş halypasy hasaplaýaryn. Şadessany döwrebaplaşdyrmak, metafora bilen hakykaty sazlaşykly birleşdirmek zehini berlen bu üýtgeşik şahsyýet bilen söhbet we onuň elinde işlemek meniň üçin hem tükenmeýän repetisiýa, hemem kämilleşmegiň bir ýoly.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmen samboçylary Dünýä kubogyny 10 medal bilen jemlediler
Türkmen söweş sungaty ussatlary başa-baş söweş boýunça Aziýa çempionatyna taýýarlyk görýärler
07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda