Diller dostluk köprüsi

Dil birek-birek bilen özara aragatnaşyk saklamagyň esasy serişdesi bolup, sözleýiş we ýazuw arkaly ýüze çykýar. Häzirki wagtda dünýäde 7 müň töweregi dil bolup, şolaryň 90 göterimden gowragynda 100 müňe golaý adam gepleşýär.

Dünýä ilatynyň ýarysy 23 diliň haýsy hem bolsa birinde gepleýär.Dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragy birden köp dil bilýär. Şumer dili miladydan öňki 3500-nji ýyllara degişli iň gadymy ýazuw dilidir, ondan soňra müsür we hytaý dilleri gelýär.

Papua Täze Gwineýa dünýäde iň köp dilli ýurt hasaplanýar. Ýurtda 841 dil ulanylyp, olaryň käbirine az sanly adam düşünýär.Papua diliniň ýazuwynda 11 harp ulanylyp, iň kiçi elipbiýli dil hasaplanýar.

Mandarinçe ene dil hökmünde iň köp gepleşilýän dil hasaplanýar. 1,3 milliarddan gowrak ilaty bolan Hytaýyň ýaşaýjylarynyň 70 göteriminden gowragy bu dilde gepleýär.Iň köp öwrenilýän dil iňlis dili bolup, dünýä ilatynyň köpüsi ony ikinji dil hökmünde bilýär.

Dünýäniň iň uzyn elipbiýi bolan kamboja dilinde 73 harp bar.Elipbiý arap diliniň ilkinji harplaryndan emele gelen sözdür.Bu manydaky söz Ýewropa dilleriniň köpüsinde grek diliniň ilkinji harplary bolan alfa we beta-nyň goşulyp ýazylmagy bilen Alphabet görnüşinde döräpdir.

Dürli ylmy we beýleki maglumatlaryň köpdügi sebäpli iňlis dili internetde ulanylýan iň meşhur dildir.Dilleriň köpüsinde gyzlaryň, aýallaryň we erkekleriň leksikasy bar bolsa, nemes dilinde oglanlaryň leksikasy hem bar.

Arap, iňlis, rus, hytaý, fransuz we ispan dilleri bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dilleridir. Ýurdumyzda dünýä dilleriniň arasynda esasy orun tutýan daşary ýurt dillerini öwrenmäge ähmiýet berilýär.Daşary ýurt diline eýe bolmak halklaryň arasynda dostluk, medeni gatnaşyklaryň ösmegine, ýaşlaryň dünýä medeniýetiniň ruhuna ýakynlaşmagyna, dünýä tejribeleri bilen tanyşmagyna ýardam edýär.

Dünýäde rus dilini ene dili hökmünde ulanýanlaryň sany 164 million töweregidir.Bu dili ikinji dil hökmünde ulanýanlaryň sany bolsa 110 milliondan geçýär.Rus dili Russiýa Federasiýasynyň döwlet dili, Belarusuň iki döwlet diliniň biridir, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we käbir beýleki ýurtlaryň resmi dilleriniň hataryndadyr. Şeýle hem Ýewraziýada, Gündogar Ýewropada halkara aragatnaşygyň esasy dilidir. 2022-nji ýyldaky maglumatlara görä, rus diliniň ýaýramak derejesi 8-nji orny eýeleýär.

Bu ugurda iňlis dili (1,5 milliard), mandarin dili (1,1 milliard), hindi dili (602,2 million), ispan dili (548,3 million), fransuz dili (274,1 million), arap dili (274 million) we bengal dili (272,7 million) öňdeligi eýeleýär.

Rustam BAÝRAMGELDIÝEW,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Täze sepgide ýetdi
Apple kapitallaşmasy 3 trillion dollardan geçýän ilkinji kompaniýa boldy
Bloomberg: Google-iň işgärleri aprel aýynda ofise gaýdyp bararlar
Time žurnaly iň abraýly 100 kompaniýany belledi
Ýylyň abraýly 100 kompaniýasy
Satuwy 23 göterim artdy