Dilegçilik edip, okuw esbaplaryny almaga çalyşýan çagalar has köp göze görnüp başlady

Dilegçilik edip, okuw esbaplaryny almaga çalyşýan çagalar has köp göze görnüp başlady

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda, şu günler Baýramaly etrabynda dilegiçlik edip, okuw esbaplaryny we egin-eşiklerini almaga çalyşýan çagalar has köp göze görnüp başlady. Bu aralykda, paýtagt Aşgabatda “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy soňky wagtlarda Baýramalynyň etrap bazarynda we şäher merkezinde ýerleşýän köp gatly jaýlarda gapy-gapy elenip, köne mekdep sumkalaryny, ulanylan tahýalary ýa-da aýakgaplary we okuw esbaplaryny soraýan çagalaryň göz-görtele köpelendigini habar berýär.

“Olar köne egin-eşikleri, ruçka we depder ýaly okuw esbaplaryny soraýarlar” diýip, bir etrap ýaşaýjysy aýdýar.

Baýramaly şäherinde köp gatly jaýlara gapy-gapy aýlanýan adamlaryň arasynda çagalar bilen bir hatarda uly adamlary hem görmek bolýar.

“Olar jaýlaryň gapylaryny kakyp, hojalyklaryň özlerine zerur bolmadyk okuwa degişli islendik zatlaryny öz çagalaryna ýa-da agtyklaryna bermegi haýyş edýärler” diýip, bir şäher ýaşaýjysy aýdýar.

Agtyklaryny täze okuw ýylyna taýýarlaýan bir ene Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde öz maşgalalarynyň durmuş üpjünçiliginiň ýaramazlaşyp, özleriniň haýyr-sahawat serişdelerine mätäç galandyklaryny gürrüň berýär.

Ujypsyz möçberlerde pensiýa alýan uly ýaşly zenan maşgala adamsynyň zähmet hakynyň hem hojalygyň diňe iýmit üpjünçiligine sarp edilýändigini, agtyklarynyň okuw esbaplaryny bolsa haýyr-sahawat serişdeleriniň hasabyna üpjün etmäge çalyşýandyklaryny aýdýar. Ýöne onuň sözlerine görä, ilat üpjünçiligi pes maşgalany goldawsyz goýmaýar.

“Bir hojalyk ýaňyja burny çalaja ýyrtylan bir aýakgap berdi, ony atasyna çatdyryp agtyklara geýdirmesek, täze köwüş almaga ýagdaýymyz ýok. Beýleki bir hojalyk jalbar berdi, onuň hem aşagyny gysgaldyp geýdireris. Häzir bir hojalyk ýekeje depder, ýekeje ruçka berse-de agtyklarymyz üçin uly kömek bolar, olar mekdebe gidip okap bilerler” diýip, pensiýadaky zenan maşgala gürrüň berýär.

Ol özleriniň durmuş şertleriniň bu derejede pese gaçyp biljekdigini ozallar hiç haçan göz öňüne-de getirip bilmändiklerini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirýär.

Baýramalynyň etrap bazarynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir söwdagär zenan maşgala soňky wagtlarda dilegçilik edip, okuw esbaplaryna eýe bolmaga çalyşýan çagalaryň we ene-atalaryň sanynyň görnetin artandygyny tassyklaýar.

“Şolar ýaly dilegçilik edýän adamlaryň sany örän köpeldi, haýsy birine nämämi berjegimi bilmeýärin” diýip, bazar satyjysy bolan zenan maşgala aýdýar.

“Okuw esbaplaryny diläp gelýän çagalara hiç bolmanda bir ruçka berip goýberýärin, bir günde 120 sany ruçkany paýlan wagtlarym boldy. Paýlaýan galamlarymyň we ruçkalarymyň sany günsaýyn köpelýär. Bular diňe meniň tekjäme gelýän adamlar, maňa gelmeýänleriň sany has köp bolmagy mümkin” diýip, bazarda okuw esbaplarynyň söwdasy bilen meşgullanýan zenan maşgala gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy geçen ýyllar bilen deňeşdirilende bu ýyl okuw esbaplarynyň bahalarynyň arzanlandygyny habar berýär.

Köne egin-eşiklerini, ýa-da mekdebe degişli zatlary mätäç adamlara berýän hojalyklar özleriniň hem üpjünçilik ýagdaýynyň öwerlikli däldigini aýdýarlar. Ýöne, muňa garamazdan, olaryň käbirleri bar zadyny paýlaşmakdan çekinmeýär, käbirleri bolsa köne-küşüllerini adamlara mugt berenden satmagy has göwnejaý hasaplaýandyklaryny aýdýar.

Bu aralykda, paýtagt Aşgabatda 19-22-nji awgustda Türkmenistanda ilkinji gezek “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi.Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Türkmen Ekspo” hususy kärhanasy tarapyndan guramalaşdyrylan bu çärä çagalar üçin harytlar senagatynda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan ýerli we daşary ýurtly kompaniýalar, şeýle-de BMG-niň Çagalar gaznasy, ÝUNISEF we beýlekiler gatnaşdy.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu çärä gatnaşyjylara iberen gutlag hatynda “ýurdumyzyň ähli künjeklerinde [...] bagtyýar çagalaryň düýpli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi, olarda ýokary ahlak sypatlarynyň kemala getirilmegi üçin amatly durmuş şertleri döredilýär” diýdi.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi bu halkara çäre barada çap eden habarynda “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistany” ýene bir gezek “bagtyýar çagalygyň ýurdy” hökmünde wasp etdi, ýöne sebitlerde el serip, täze okuw ýylyna taýýarlanýan üpjünçiligi pes hojalyklar barada habar bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Dilegçilik edip, okuw esbaplaryny almaga çalyşýan çagalar has köp göze görnüp başlady
Göreldeli bilim merkezi abraýly franşizalara kabul edişlik yglan edýär
Aşgabatda “Kids EKSPO: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarka geçiriler
Aşgabatda Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin atly halkara sergi-ýarmarkasyny geçirmäge taýýarlyk görülýär
Teýlor Swift aýdymlary iň köp satylýan aýdymçy boldy
Däp egin-eşik brendi Aşgabatdaky täze dükanynda baýramçylyk art-kolleksiýasyny tanyşdyrdy