Dil özara gatnaşyklaryň guraly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylym-bilim almagyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmekde, kämil hünärmenleri ýetişdirmekde ähli mümkinçilikler döredilýär.Esasan hem, ýaşlaryň ene dilimizi çuňňur bilmegi, daşary ýurt dillerini öwrenmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde hem dil öwrenmek boýunça dürli ugurlardan tejribe toplanylýar. Şeýlelikde, ýaşlarymyz daşary ýurt dillerini suwara bilýärler, kämil hünärmenler bolup ýetişýärler.

Häzirki zaman adamzat jemgyýetiniň ösüşinde dilleri öwretmegiň we özleşdirmegiň örän uly ähmiýeti bar. Daşary ýurtlaryň ösen tejribesini öwrenmekde, seljermekde, iň ygtybarlysyny durmuşa ornaşdyrmakda dil öwrenmäge uly orun degişlidir.

Daşary ýurt dillerini öwrenmek dünýägaraýşymyzy giňeltmegiň möhüm şertidir. Häzirki döwürde daşary ýurt dillerini bilmek zerur hasaplanýar, çünki iň täze tehnologiýalardan baş çykarmak, dünýä ýaşlary bilen aýakdaş gitmek döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Şonuň üçin eýýäm mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelere iňlis we rus dilleri öwredilip başlanýar. Çagalar baglarynda, başlangyç synplarda iňlis we rus dilleri öwredilýär.

Islendik ýaşda hem dil öwrenmek mümkin.Emma bu babatda has amatly ýaş aýratynlygy hökmünde iki ýaşdan dört ýaş aralygy görkezilýär.Alymlar bu döwürde çagalaryň beýnisiniň ösüp, kämilleşip ugraýandygyny, bilesigelijilik höwesini göz öňünde tutmak bilen, olaryň gündelik öwrenen sözlerini çalt kabul edip, beýnisinde tiz özleşdirýändiklerini belleýärler.

Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, 5-6 ýaşlaryndaky çagalaryň köp zatlary özleşdirip başarýandygy, 70 göterim bilimi şol döwürde alýandygy anyklanyldy. Şonuň üçin hem çagalara bu döwürde berlen bilim olaryň bilim binýadynyň berkden bolmagyna kömek edýär.

Çemen KAKYŞOWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Adam hukuklary boýunça ýygnakda Türkmenistanly ynsan hukuklaryny goraýjylar hökümete has işjeň basyş etmäge ÝHHG-ny çagyrdylar
Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş işgärleriniň 70-e golaýyny sylaglady
Türkmen raýat jemgyýeti wekilleriniň Wenada duşuşygy boldy
Türkmenistanyň raýat jemgyýetiniň wekilleri Wenada duşuşyk geçirdi
Wenada Türkmenistanyň graždan jemgyýetiniň wekilleriniň duşuşygy geçdi
Owganystanyň paýtagty Kabulda bombaly hüjüm guraldy