Dil öwrenmek dünýäni öwrenmek

/* custom css */ .td_uid_19_60b96f3c25935_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60b96f3c25935_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575705 Täze dili öwrenmek aňsat bolmasa-da, durmuşda köp ýeňillik döredýär.

Täze dil täze medeniýeti öwrenmäge hem mümkinçilik berýär.Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam diýlişi ýaly, her bir adam haýsy ýaşda bolsun parhy ýok, dil öwrenmäge ukyplydyr.

Emma täze bir dil öwrenmek biraz wagt we sabyr talap edýär.Bu işde dürli usullardan peýdalanmak bolar.Mysal üçin, gündelik durmuşymyzda hal-ahwal soraşylýan sözleri ulanmagyň özi hem öwrenmek isleýän diliňiziň aňsat ýatda galmagyna itergi berýär.

Mümkin däl ýaly bolup görünmegi ahmal, ýöne lingwistleriň pikiriçe, birnäçe hepdäniň dowamynda bir dilde gepleşip biljek derejä birnäçe aýdan soň bolsa bu dili özbaşdak kämilleşdirip biljek derejä ýetip bolýar.

Dil öwrenmegiň käbir ýollary barada gysgaça maglumatlary size ýetirýäris: Täze dostlar ediniň!Dostluk daşary ýurt dilini öwrenmegiň iň gowy usullaryndan biridir.Bu ugurda peýdaly boljak ýörite programmalar bar.

Bu programmalar arkaly islän ýurduňyzdan dost tapynyp, islän diliňizi aňsatlyk bilen öwrenip bilersiňiz.Uzakdaky dostuňyz bilen hepdede birnäçe sagat şol dilde gepleşmek gowy netijeleri gazanmaga mümkinçilik berer.Geçirilen barlaglara görä, gündelik gepleşikde 300-350 söz ulanylýar.

Täze dil öwreneniňizde, ilki bilen ýygy-ýygydan ulanylýan sözleri bilmeli.Dürli sözler bilen şol bir manyny aňladýan sözlem düzmäge synanyşyň!Bu size täze sözleri öwrenmäge mümkinçilik berer.

Ulanýan programmalaryňyzyň dilini üýtgediň!Döwrümiz aragatnaşygyň ösen döwri hasaplanýar.Günüň aglaba böleginde elektron enjamlaryny dürli maksatlar bilen ulanýarys. Şeýle bolansoň, beýleki okuw usullary bilen bir hatarda elektron enjamlaryndan hem peýdalanylýar.

Bu usul käbir zatlary has çalt özleşdirmäge mümkinçilik berýär.Telefonyň ýa-da kompýuteriň programmalarynyň dilini üýtgetmek käbir sözleri manysy bilen öwrenmäge mümkinçilik berer.Kinolara tomaşa ediň!Dil öwrenmegiň iň aňsat usullaryndan biri başga dildäki filme tomaşa etmekdir.

Filme tomaşa edilende diliň medeniýetini hem has gowy duýarsyňyz!Eşiden täze sözleriňizi we olaryň manysyny depderiňize belläň!Munuň üçin teleýaýlymlardan hem peýdalanyp bilersiňiz. Ýönekeý kitaplary okaň! Öwrenmek isleýän diliňizde başlangyç hökmünde sizi gyzyklandyrýan aňsat okalýan kitaby saýlamaly.

Her gün 10-20 sahypa okamak size dili öwrenmekde kömek eder.Nätanyş sözleriň aşagyny çyzmagy we manylaryny ýazmagy ýatdan çykarmaň!Her täze sözi sesli okasaňyz ony görüp, aýdyp we eşidip bilersiňiz.

Bu sözüň ýadyňyzda aňsat galmagyna ýardam berer. Öz sözlügiňizi dörediň!Bilmeýän sözleriňizi ýazyp, özüňiz üçin kiçijik sözlük dörediň!Bu sözlük bilmeýän zatlaryňyzdan ybarat bolmaly.Isleýän sözleriňiziň manylaryny onlarça gezek ýazyp bilersiňiz.

Surat çekmek ýa-da öz şekilleriňiz bilen dizaýn edip ýatkeşlik ukybyňyzy güýçlendirip bilersiňiz.Aýdym diňläň!Aram-aram öwrenmek isleýän diliňizde aýdym diňlemek täze sözleri öwrenmekde täsirli bolar.

Heň bilen eşidilýän ses mydama beýnimize has köp täsir edýär.Aýdym diňläniňizde we öz sesiňizi eşideniňizde sözleri şol bir heňde gaýtalamak sizi bu meselede höweslendirer.Diňleýän aýdymlaryňyzy sözleri bilen okap, ýat tutsaňyz dili ýeňil öwrenmegiňize itergi berer.

Tawus ATDAÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň iň gowy ykdysadyýetleri
Dünýäniň bäşinji ummany
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Bagtyýar çagalar ertirki günümize ynamymyzdyr
Balkan welaýatynyň dokmaçy zenanlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi
Watan gazetine täze baş redaktor bellenildi