Dil birek-birek bilen özara aragatnaşyk saklamagyň esasy serişdesi bolup, sözleýiş we ýazuw arkaly ýüze çykýar. Häzirki wagtda dünýäde 7 müň töweregi dil bolup, şolaryň 90 göterimden gowragynda 100 müňe golaý adam gepleşýär. Her ýylyň 30-njy sentýabrynda Halkara terjime güni bellenilýär. Gazetimiziň şu sanynda diller baradaky gyzykly maglumatlary size ýetirýäris.
Dünýä ilatynyň ýarysy 23 diliň haýsy hem bolsa birinde gepleýär.Dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragy birden köp dil bilýär.Şumer dili miladydan öňki 3500-nji ýyllara degişli iň gadymy ýazuw dilidir, ondan soňra müsür we hytaý dilleri gelýär.Papua Täze Gwineýa dünýäde iň köp dilli ýurt hasaplanýar. Ýurtda 841 dil bolup, olaryň käbirine az sanly adam düşünýär.Fransuz dili söýgi babatda iň süýji dil hökmünde tanalýar.Papua diliniň ýazuwynda 11 harp ulanylyp, iň kiçi elipbiýli dil hasaplanýar.Mandarinçe ene dil hökmünde iň köp gepleşilýän dil hasaplanýar. 1,3 milliarddan gowrak ilaty bolan Hytaýyň ýaşaýjylarynyň 70 göteriminden gowragy bu dilde gepleýär.Iň köp öwrenilýän dil iňlis dili bolup, dünýä ilatynyň köpüsi ony ikinji dil hökmünde bilýär.Dünýäniň iň uzyn elipbiýi bolan kamboja dilinde 73 harp bar. Şeýle hem kamboja dili öwrenmesi kyn dilleriň biridir.Elipbiý arap diliniň ilkinji harplaryndan emele gelen sözdür.
Bu manydaky söz Ýewropa dilleriniň köpüsinde grek diliniň ilkinji harplary bolan alfa we beta-nyň goşulyp ýazylmagy bilen Alphabet görnüşinde döräpdir.Dürli ylmy we beýleki maglumatlaryň köpdügi sebäpli iňlis we fransuz dilleri internetde ulanylýan iň meşhur dillerdir.
Ylmy maglumatlaryň 80 göterimi iňlis dilinde elýeterlidir.Dilleriň köpüsinde aýal-gyzlaryň we erkekleriň leksikasy bar bolsa, nemes dilinde üçünji topar aýratynlykda oglanlaryň leksikasy hem bar.ABŞ-da 300-den gowrak dilde gepleşilýär. Ýurtda iňlis dili ýörgünli hem bolsa, ABŞ-nyň federal derejede bellenen resmi dili ýok.
Iňlis dili sözlük düzümi baýlaşýan hem-de ösýän dildir.