Diananyň jemperi 1,1 million dollara satyldy

Şazada Diananyň goýun şekillendirilen meşhur gyzyl we ak jemperi, Nýu-Ýorkdaky “Sotheby’s” auksionynda 1 million 143 müň dollara satyldy. Bu barada “Daily Mail” neşiri habar berdi.

Lotuň başlangyç bahasy 80 müň dollardy. Auksionda 44 töweregi teklip gelip gowuşdy we 15 minutda baha rekord derejä çykdy – switer 1,1 million dollardan gowrak baha satyldy.

Şazada Diana ilkinji gezek 1981-nji ýylyň iýun aýyna Şazada Uelskiniň hem gatnaşýan polo oýnuna (at üstünde oýnalýan top oýny) köp sanly ak goýunlaryň arasynda ýekeje gara goýun şekillendirilen jemperini geýip barypdy.

Ýene degişli makalalar

Britaniýa bir gijede 35 müň ýyldyrym düşdi
Britaniýalylar Patyşa maşgalasynyň iň ýakymly agzasyny agzadylar
TBMM-niň başlygy Ýaponiýada saparda bolýar
Salman Bilen Guterreş Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Saud Arabystanyna Bardy
Şazada Uilýam Patyşa Karl III borçlarynyň bir bölegini alar