Uelsiň merhum şazadasy Diananyň dakynan gyrmyzy göwher hajy, “Sotheby’s”-yň auksionynyň esasy şaý-sepi bolar. Bu bezeg “Asprey & Garrard” bezeg kompaniýasynyň öňki baş müdiri Naim Attallahyň adyny göterýär. Bu bezeg Attallaha degişli bolup, gyzy Ramzä miras galypdyr.
-Şazada Diana we meniň kakam dost eken. Diananyň köplenç kakamyň edarasynyň ýerleşýän ýeri bolan Rijent köçesindäki taryhy Garrard dükanyna baryp, birnäçe gezek bezegi haýyrlanmagy haýyş edipdi. Ol bu bezegi juda gowy görýärdi diýip, Ramzi gürrüň berýär.
Şazada bu bezegi 1987-nji ýylyň oktýabr aýynda “Birthright” haýyr-sahawat guramasy tarapyndan guralan zenan hukuklary boýunça geçirilen gala agşamynda ulanypdy.
1920-nji ýyllarda Garrard zergärleri tarapyndan döredilen göwher haçyň bahasy 80-120 müň funt sterlinge deňdir. Haçyň göwheriniň umumy agramy 5,25 karat töweregidir. Şazada Diana aradan çykandan soň haç gizlin saklandy. Auksion 6-18-nji ýanwar aralygynda Londonda geçiriler.