Dezinfirmasiýa Global Koloniol Ulgamyň Dowamydyr

Dezinfirmasiýa Global Koloniol Ulgamyň Dowamydyr

Fahrettin Altun paýtagt Ankarada “Raýat-Diplomat taslamasy-Türkiýäniň sportda global wekilçiligi” atly çärede çykyş etdi.

Raýat-Diplomat taslamasynyň ýaýbaňlandyrylmagynyň ähmiýetini nygtan Altun; “Hakykat we adalat kadalary bilen esaslandyrylan raýat diplomatiýasy, alynyp barylýan dezinformasiýa we gara propoganda garşy öňüni alyjy güýje öwrüldi” diýdi.

Türkiýäniň dezinformasiýa garşy alyp barýan göreşi hakynda durup geçen Altun: “Ýurdumyzyň uzak ýyllaryň dowamynda sezewar bolan gara propoganda we dezinformasiýa syýasatlarynyň global kolonial ulgamyň dowamydygy ýüze çykaryldy. Hem bu hüjümleriň öňüni almak hem-de arman-ýadaman hakykaty ýüze çykarmak üçin degişli çäreler görülýär” diýdi.

Sportuň möhüm strategiýa gurallaryndan birine öwrülendigini aýdan Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy: “türgenlerimiz Türkiýäniň halkara arenada parahatçylyk, adalat we dostluk ýüzlenmelerini halkara jemgyýetçiligine ýetirýär. Türkiýe ähli ugurda zulumyň we zalymyň garşysynda durşy ýaly, sportdaky adalatsyz we ikiýüzlilige hem garşy durýar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Dezinfirmasiýa Global Kolonil Ulgamyň Dowamydyr
Siriýadan Türkiýä Ýokary Derejeli Sapar Guralar
Erdogan Somaliniň we Efiopiýanyň liderleri bilen duşuşyk geçirdi
Ukrainanyň Prezidenti Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Liwanyň premýer ministrini kabul eder
Yragyň Demirgazygyndan Şehit Habary Geldi