Dežawýu, durmuşynda azyndan bir gezek başdan geçiren täsin we syrly tejribelerden biri...

Dežawýu, durmuşynda azyndan bir gezek başdan geçiren täsin we syrly tejribelerden biri...

Şu gün ençeme adamyň durmuşynda azyndan bir gezek başdan geçiren täsin we syrly tejribelerden biri bolan dežawýu hakynda söhbet etmekçi. Dežawýu, fransuz dilinde “ozal görülen” manysyny aňladýar we ýönekeýje beýan edenimizde, ozal başdan geçirmedik wakamyzy hamala diýersiňiz ozal başdan geçiren ýaly durmaklykdyr. Bu tejribe nähili tanyş bolsa-da umuman şol wagtky ýagdaýyň hakykatdan hem ozal başdan geçirilmändigini bilýäris.

Geliň ilki dežawýunyň nähili kesgitlenendigine we mehanizminiň nähili işleýändigine ser salalyň.Alymlar dežawýunyň ýadyň ýalňyşmagydygyny beýan edýärler.Beýnimiz, yzgiderli häsýetde täze ýatlamalary bellige alýarka, käte hakyda ulgamynda käbir säwlikler ýüze çykyp bilýär. Şol säwlikler, täze bir waka ozal başdan geçirilen ýaly düşünmegimize sebäp bolýar.

Beýnimiz bu täze maglumaty ýalňyşlyk bilen geçen tejribe bilen baglanşdyrýar we ol hem tanyş duýgyny emele getirýär.

Dežawýunyň aňyrsyndaky ýat teoriýalary iňňän täsindir.Olardan biri beýnimiziň maglumaty seljerýän mahalynda gysga möhletli hakyda bilen uzak möhletli hakydanyň arasyndaky sinhronlaşma säwliginiň bolup biljekdigini öňe sürýär.Adaty ýagdaýda bir waka başdan geçirilende, beýni şol maglumaty ilki gysga möhletli hakyda geçirýär we soň esasylary uzak möhletli hakydada saklanýar.

Emma dežawýu mahalynda beýnimiz bu tapgyry geçip, täze maglumaty gönüden uzak möhletli hakyda bilen baglanşdyrýar. Ýagny, şol pursady ilkinji gezek başdan geçirýän hem bolsak, beýni ony hamala diýersiňiz geçmişde saklanan ýatlama ýaly işleýär.

Beýleki bir teoriýa bolsa beýniniň wagty kesgitleme teoriýasydyr. Şol teoriýa görä beýnimiz maglumaty iki görnüşde işleýär.Biri düşünjäni kabul etmek, beýlekisi bolsa has çalt, awtomatiki düşünme ulgamydyr.Eger-de bu iki ulgamyň arasynda haýsydyr bir gijikme bolaýsa, başdan geçiren wakamyzyň bir bölegi çalt ulgam tarapyndan işlenýär, emma düşünjeli ýagdaýda gijiräk göz ýetirilýär.

Netijede şol gysgajyk gijikme, bize şol pusady ozal başdan geçiren ýaly başdan geçirdýär.

Newrologik jähtden garalanda dežýawu temporal lob we gipokampus ýaly beýniniň hakyda ýakyn bölümleri bilen baglanşyklydygy çaklanylýar. Temporal lob, esasanda ýatlamalaryň işlenmeginde möhüm pozisiýa eýeleýär. Geçirilen ylmy barlaglarda temporal lob epilepsiýaly adamlarda dežawýunyň has ýygydan görülýändigini ýüze çykardy.

Emma dežawýu diňe bir hakyda ýalňyşlygy ýa-da newrologik hadysa däldir. Psihologik taýdan hem täsin taraplary bar. Stress, ýadawlyk we aşa maglumat ýüki hem dežawýunyň başdan geçirilme ähtimallygyny artdyrýar.

Ýene degişli makalalar

Interaktiw usulda bilim bermegiň ähmiýeti
Sosna gozalaryndan taýýarlanýan mürepbe
Adam psihologiýasy barada maglumatlar
Meta pikirleri okamak üçin emeli aň işläp taýýarlady
Siz haçan ýylgyrdyňyz?
Eşitme ukybynyň azalmagynyň öňüni almak üçin tebigy maslahatlar