Deutsche Bahn-yň otlulary has çalt gider

/* custom css */ .td_uid_19_60b96f4670f1b_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60b96f4670f1b_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575705 Germaniýanyň esasy demir ýol operatory Deutsche Bahn ýokary tizlikli ugurlaryny giňeltmegi meýilleşdirýär.

Mundan başga-da, käbir ugurlarda otlular has ýokary tizlikde hereket ederler. Şeýlelikde, Gamburg bilen Gannoweriň arasyndaky ugur giňeler.Muňa Frankfurt bilen Mangeým, Ştutgart we Ulmyň arasyndaky ugurlar hem degişlidir.

Deutsche Bahn-nyň dolandyryş geňeşiniň agzasy Ronald Pofalla Funke media toparyna beren interwýusynda kompaniýanyň maksadynyň häzirki 1000 kilometrden 1500 kilometre çenli ýokary tizlikli ugurlary 50 göterimden gowrak giňeltmekden ybaratdygyny aýtdy.

Pofalla bu taslamany durmuşa geçirmek üçin azyndan, 10-12 ýyl gerek boljakdygyny aýtdy.Sebäbi infrastruktura taslamalary hemişe gepleşikler esasynda alnyp barylýar.Indi Deutsche Bahn-yň ýokary tizlikli ugurlarynda otlular sagatda, azyndan, 250 kilometr tizlik bilen hereket edip bilerler.

Awgust aýynda täze düzümleriň işe girizilmegi bilen ilkinji gezek sagatda 265 kilometre çenli tizlige ýetiriler.Bu, Köln-Reýn/Maýn, Gettingen-Gannower we Mýunhen-Berlin ugurlarynda has takyklygy üpjün etmeli.

Ýene degişli makalalar

Germaniýanyň Roýtlingen şäherine doly ýagdy
Dünýäniň iň gymmat brendleri
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn