Detoxboxtm Sowgat sertifikaty hyzmatyny hödürleýär

Detoxboxtm Sowgat sertifikaty hyzmatyny hödürleýär

Detoxboxtm kompaniýasy türkmenistanlylara islendik dogry iýmitleniş programmasy üçin Sowgat sertifikaty almak mümkinçiligini hödürleýär.

Sertifikat özboluşly sowgat bolmak bilen, aýratyn hem maşgalaňyza, dostlaryňyza ýa-da kärdeşleriňize sagdyn iýmitlenmäge we iýmitleniş endiklerini üýtgetmäge itergi berip biler.

Belläp geçsek, kompaniýanyň dogry iýmitleniş programmalary şulardan ybarat: Iýmitlenmek kadalaryny bozmak bilen, bu endikden zyýan çekmek islemeýänler üçin üç güne niýetlenen Maksimum programmasy; Horlanmak üçin niýetlenen, 28 günüň dowamynda garaşylýan netijäni berip biljek dogry iýmitler; Super Bowl — bu 10 günüň dowamynda ýerine ýetirilýän ýokary derejedäki berhizlikdir; Agramyňy saklamak üçin niýetlenen programma bolsa täze sagdyn endikleri kämilleşdirmek isleýän islendik adam üçindir.

Siziň ýakynlaryňyz özleri barada edilýän bu hili alada üçin örän minnetdar bolarlar. Sebäbi dogry iýmitlenmek — saglygyň, hoşgöwünliligiň hem-de uzak ömrüň sakasydyr.

Detoxboxtm kompaniýasynyň programmalaryny kabul etmek ýa-da Sowgat sertifikatyny almak üçin şu telefon belgiler arkaly habarlaşyp bolýar: (+993 62) 08 98 88. Sosial media ulgamyndaky hasaby.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

ASTRAHAN OBLASTYNYŇ PRIWOLŽSK RAÝONYNYŇ MAGTYMGULY PYRAGY ADYNDAKY ORTA MEKDEBINDE TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP GEÇIRILEN SURAT ÇEKMEK BOÝUNÇA BÄSLEŞIGIŇ JEMI JEMLENDI
Türkmenistanda söýgüliler gününi bellemek däbi ýaýbaňlanýar
Hasar Ahalda Mars, Baunti, Snikers öndürýän zawod gurýar
Altyn Ýunus Täze ýyl sowgatlary üçin konditer önümlerini hödürleýär
ImdatBot ýaş tehnika söýüjiler üçin adaty bolmadyk sowgady hödürleýär
Altyn Ýunus kärhanasy Täze ýyl üçin sowgatlyk gapda baýramçylyk süýjüliklerini öndürdi