Deslapky netijelere görä, Wladimir Zelenskiý Ukrainanyň prezidenti boldy

Ýekşenbe güni Ukrainada prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirildi. Sesleriň sanalmagy häzrlikçe dowam edýär, emma çykyş-netijelerine laýyklykda, Wladimir Zelenskiý 72-73% ses alýar.

Protokollaryň 1 prosenti seljerilenden soň, Zelenskiniň 70 prosentden gowrak ses alandygy yglan edildi.

Iş başyndaky prezident Petro Poroşenko garşydaşyny ýeňiş bilen gutlady.

Sanalan sesleriň ilkinji netijeleri yglan edeilenden soň, Zelenskiý öňi SSSR-iň ýurtlarynyň raýatlaryna ýüzlenip şeýle diýdi: “Ukrainanyň raýaty hökmünde Sowet Soýuzynyň öňki ýurtlarynyň ählisine “Bize serediň, ähli zat mümkin” diýip bilerin.”

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý magdan ylalaşygy üçin Waşingtona sapar eder
Russiýa Bilen Ukraina Ýesirlerini Çalyşmaga Dowam Edýär
“Putin Bilen Duşuşmaga Taýar”
Zelenskiý: Ukraina Russiýa bilen ýer çalşygyna taýýar
Tramp Putin bilen Saud Arabystanynda duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy
Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi