Derňew: Berdimuhamedowyň ýegenleri döwlet zawodlarynyň önümlerini eksport edýän kompaniýalar bilen baglanyşykly

Derňew: Berdimuhamedowyň ýegenleri döwlet zawodlarynyň önümlerini eksport edýän kompaniýalar bilen baglanyşykly

Garaşsyz türkmen neşileri “Turkmen.news” we “Gundogar” Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa hasabaty proýekti (OCCRP) bilen bilelikde, “Pandora kagyzlary” diýlip atlandyrylýan ofşor kompaniýalaryndan alnan faýllarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýegenleriniň ýurduň döwletiň eýeçiligindäki kärhanalarynda öndürilen önümleriň söwdasyndaky gatnaşygyny anykladylar.

14-nji oktýabrda çap edilen hasabatyň awtorlary Ruslan Mätiýew, Baýram Şyhmyradow we Mettýu Kupfer derňewiň netijeleri boýunça şu aşaky möhüm ýagdaýlaryň anyklanandygyny bellediler:

Döwletiň eýeçiligindäki “Garabogazkarbamid” zawodynda öndürilýän mineral dökünler Şotlandiýada hasaba alnan şübheli kompaniýa tarapyndan eksport edilýär. Bu zawod üçin türkmen hökümeti Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bakyndan (JBIC) 1,16 milliard dollar möçberinde kredit alypdy.

Kärhanada esasy roly prezidentiň ýegeni Hajymyrat Rejebow oýnaýar. Kompaniýanyň dokumentlerinde onuň esasy eýelerini gizlemek üçin görkezilen benefisiarlar, aslynda, Rejebowa işleýärler. Şol bir wagtda, kärhananyň resminamalarynda Hajymyrat 2020-nji ýylyň ýanwar-noýabry aralygynda onuň başlygy hökmünde görkezilýär.

Başga bir britan kompaniýasyna Türkmenistanyň döwletiň eýeçiligindäki iri kärhanalarynda öndürilen nebit we himiýa önümleriniň söwdasy üçin kontrakt berildi. Bu kärhana bilen prezidentiň ýene bir ýegeni Hajymyradyň jigisi - Şamyrat Rejebowyň gizlin baglanyşygy bar;

Doganlar Dubaýyň kaşaň sebitlerinde 16 jaýy satyn aldylar.

Derňewiň awtorlarynyň biri, Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa hasabaty proýektiniň Merkezi Aziýa boýunça redaktory Mettýu Kupfer Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde hasabatda dürli çeşmelerdäki maglumatlardan peýdalanylandygyny, emma esasan derňeýji žurnalistleriň Halkara Konsorsiumy (ICIJ) tarapyndan jemlenen, “Pandora kagyzlary” diýlip atlandyrylýan dokumentler toplumyna esaslandygyny aýtdy.

Derňewiň awtorlary Balkandaky 2018-nji ýylda açylan “Garabogazkarbamid” zawodynda öndürilýän karbomidiň esasy eksportýorlarynyň arasynda, hatda websaýty bolmadyk Şotlandiýadaky şübheli Caran Holdings LP. kompaniýasynyň hem bardygyny anykladylar. Açyk çeşmelerde bu kompaniýanyň eksport ylalaşyklarynda nä derejede möhüm roly oýnaýandygy äşgär edýän maglumatlar elýeterli bolmasa-da, dürli çeşmelerde onuň uly paýa eýedigi nygtalýar.

2018-nji ýylda Caran kärhanasynyň wekili hökmünde özüni tanyşdyran şahs Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki gazetine beren interwýusynda, kompaniýanyň zawodda öndürilen 1,2 million tonna korbamidi, Gürjüstanyň we Russiýanyň portlary arkaly, import etmek baradaky ylalaşyga gol goýandygyny mälim edipdi.

Mettýu Kupfer bu sanlaryň beýleki elýeterli maglumatlardaky görkezijiler bilen deňeşdirilse, onda kärhananyň Türkmenistanyň dökün eksportynyň bar paýyna eýedigi baradaky netijä gelse bolýandygyny aýtdy. Şol bir wagtda, ol has takyk netije üçin goşmaça maglumatlaryň gerekdigini hem sözüne goşdy.

Kärhana uly mukdarda karbomidi eksport etmek bilen birlikde, Türkmenistana mineral dökünlerini import hem edipdir.

2018-nji ýylyň dekabrynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni üçin 20 müň tonna golaý ammofosy import etmek baradaky karar gol goýupdy. Şonda 11,4 million dollarlyk bu döküni import etmek baradaky şertnama Caran Holdings LP kärhanasyna berlipdi.

Mundan başga-da, derňewde Berdimuhamedowyň ýene bir ýegeni, Hajymyradyň jigisi Şamyrat Rejebowyň Türkmenistanyň döwlet kärhanlarynda öndürilen nebit we himiýa önümleriniň eksporty bilen meşgullanýan, Britaniýada esaslandyrylan Delanore kärhanasy bilen baglanyşygynyň bardygy, onuň kompaniýada möhüm roly oýnaýandygy hem bellenilýär.

Galyberse-de, derňewçi žurnalist Kupfer ýokarda ady geçen kompaniýalar we şahslar bilen habarlaşmak synanyşyklarynyň netijesiz bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de, prezidentiň ýegenleriniň Dubaýyň kaşaň sebitlerinde gymmatbaha jaýlara eýedigi, ýagny Hajymyradyň dokuz, Şamyradyň hem ýedi öýüniň bardygy anyklandy. Derňewçiler bu jaýlaryň umumy bahasynyň 5,5 million dollara barabardygyny aýdýarlar.

Ýatlatsak, mundan owal çap edilen derňewde prezidentiň ýegeni Hajymyrada degişli kärhana, ýurtdaky dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň we azyk ýetmezçiliginiň arasynda, iýmit önümlerini import etmek boýunça onlarça million dollarlyk hökümet şertnamalarynyň berlendigi anyklanypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Ilçisi Mettýu Klimow öz işini tamamlady
Aktýor MakKonahi gubernatorlyga dalaş etmekçi
ABŞ ilçisi Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň iň uly hazynasynyň adamlarydygyny aýdýar
Türkmenistan medeni ýadygärliklerini goramak üçin ABŞ-dan 29-njy granty aldy
Türkmenistanyň DIM-gi Owganystandaky diplomatiýa wekiliýetiniň işi barada habar berdi: işgärler ewakuasiýa edilmedi, binany talyplar goraýarlar
ABŞ-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK