Dermany nähili ýuwutmaly?

Dermany nähili ýuwutmaly?

Dermanyň siňdirilmegine; içýän suwuňyzdan, ýatyş pozisiýaňyza çenli ençeme faktor täsir ýetirýär. Geçirilen soňky barlaglardan biri içýän dermanyňyzyň näçe wagtda täsir etjekdigini bedeniňiziň pozisiýasynyň kesgitleýänsdigini ýüze çykardy.

Netijeli bejergi üçin dermanlarymyzy nähili içmeli?

Derman aşgazanda siňdirilmeýär. İnçe içegelerdäki barmaga meňzeş çykgytlar we şolaryň üstündäki öýjükler siňdirişi üpjün edýär.Onuň ululygy hem iki futbol meýdançasyna barabar, 200 inedördül metre golaý.Elbetde bu kesgitlemä gabat gelmeýän seýrek dermanlar hem bar.

Aşgazanyň düzümi bedeniň iň aşgarly giňişligidir.Aşgarly dermanlar eredilip, siňdirilýär. Şol sebäpli bu görnüşdäki dermanlaryň aç garna içilmegi iňňän zyýanlydyr we ünsli çemeleşmek maslahat berilýär.

Eýsem durşuňyz dermanyň siňdirilmegine täsir ýetirýärmi?

Dermanlaryň siňdirilmeginde aşgazanyň ýygrylmagy we boşamagy möhümdir.Adaty şertlerde aşgazanymyzyň bir bölegi azyklaryň üýşýän ýeridir we çepe ýatylan mahaly epilip, aşgazanyň boşadyş tizligi gowlaýar.Süýji keseli ýaly käbir hroniki keseller aşgazan ýygrylmasyny gowşadýar, aşgazanyň içi giç boşaýar, azyklar we dermanlar hem ganyň düzümine giç goşulýar.

Sag tarapa ýatan adamda bolsa aşgazanyň içindäki azyklaryň içegelere geçişi çaltlanýar, inçe içegä geçen azyklar, şol sanda dermanlar tiz siňdirilýär.Hereket etmek hem siňdirişi çaltlandyrýar, dik duran, hereket eden mahalymyz içilen dermanlar we iýilen azyklar aşgazanyň ýygrylmasy çalt bolýandygy üçin çalt siňdirilýär. Ýagny aşgazanyň ýygrylmasy we içiniň boşamagy näçe çalt bolsa, inçe içegä gysga möhletde geçen dermanlaryň siňdirilmegi hem şonça çalt bolýar.

Netijede derman içenden soň hereket etmeli, dik pozisiýada bolmaly, eger ýatyljak bolsa, sag tarapa ýatmak amatly bolar.

Dermanlaryň içilişi hem siňdirilmegi üçin iňňän möhümdir. Dermanlar suwk, granýul, owradylan, granýul, gapsul we tablet görnüşinde bolýar. Dermanyň molekulasynyň ululygy, suwda ýa-da ýagda ereme özbolyşlygy, aşgarly ýa-da bazaly bolmagy dermanyň siňdirilmegine täsir ýetirýär.

Esasanda kapsully dermanlary ýuwudyp bilmeýän adamlar bar. Kapsulyndan çykaryp, içindäki düzümini içmek peýdaly däldir. Sebäbi dermanyň düzüminiň özbolyşlygyna görä dermanlar dizaýn edilýär. Mysal üçin aşgarly şertlerde ýuwudyljak bazaly dermanlar kapsula goýulyp, aşgazana zyýan bermeginiň öňi alynýar. Şeýlelikde dermanlarymyzy bolşy ýaly içmek maslahat berilýär.

Dermany dogry ýuwutmagyň düzünleri

Esasy zatlardan biri hem dermanlaryň bol suw bilen içilmegi. Bol suw böwregiň zyýan çekmeginiň öňüni alýar. Has möhümi, bilşiňiz ýaly käbir dermanlar siňdiriş ulgamyna ýapyşyp, ýazwa, gyzyl ödege ýapyşyp oňa zyýan berýär we ýazwa sebäp bolýar. Şeýle dermanlaryň gyzyl ödege ýapyşmazlygy üçin bol suw içilmek maslahat berilýär.

Dermanlaryňyzy howpsuz içmek üçin käbir maslahatlar:

· Görkezmeleri okaň. Ähli ýarlyklary okaň we görkezmeleri berjaý ediň. Size has peýdaly boljakdygy düşünjesi bilen ýokary dozada derman içmäň. Ol has howply, hat-da öldüriji bolup biler.

· Dermanlary wagtynda içiň. Käbir adamlar dermanlaryny içmek üçin nahar iýmägi ýa-da ýatjak wagtyny ýatladyjy hökmünde peýdalanýar.

· Dermanyňyzy garaňkyda içmäň. Çyrany ýakyň, ýalňyşmagyňyz mümkin.

· Reseptleriňiz bilen bagly haýsydyr bir mesele bar bolsa, derssine lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň.

· Ýakynlaryňyzdan kömek soraň. Lukmanyňyzyň aýdanlaryna düşünmeýän ýa-da ony ýatdan çykaran bolsaňyz, dostuňyzy ýa-da garyndaşlaryňyzy lukman bilen duşuşygyňyza alyp gidiň.

· Derman içmegi bes etmezden öň barlaň. Reseptli dermanlary gutarýança içiň. Käbir dermanlaryň diňe “gerek bolan halatynda” içilmelidigini ýatdan çykarmaň.

Ýene degişli makalalar

20-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanda tölegsiz goýberilýän ýa-da 50 göterim ýeňillikli şertlerde satylýan derman serişdeleriň sanawy tassyklanyldy
Käbir ylmy edaralarda 'ylym bilen däl, yrym bilen meşgullanylýar', howpsuzlyk paranoýasy demikdirýär
Türkmen wekiliýeti derman serişdeleri dolandyrmak boýunça maslahata gatnaşdylar
Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary tamamlandy, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsuly Nižniý Nowgorod uniwersitetiniň türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi we beýleki habarlar
Tomus pasly üçin maslahatlar