Deportdan gorkýan türkmenistanlynyň aladasy Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň umumy ýagdaýyna ünsi çekdi

Deportdan gorkýan türkmenistanlynyň aladasy Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň umumy ýagdaýyna ünsi çekdi

Öz sözlerine görä, Ýusubow Türkmenistandaky maşgala dawalary bilen bagly ýagdaýlardan ugur alyp, 2016-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkiýedäki edarasyndan bosgunlyk statusyny soraýar.Gurama oňa bu statusy berýär. 2019-njy ýylyň ýanwar aýynyň başynda Türkiýäniň Konstitusion sudy Ýusubowyň bosgunlyk statusyny ýatyrýar.

Häzirki wagtda türk häkimiýetleri onuň yzyna, Türkmenistana deportasiýa edilmek ýagdaýyny seljerýär.Köp sanly türkmenistanly migrant iş gözleginde Türkiýäni saýlap alýar.Türkiýe türkmenistanlylardan 30 gün möhlet üçin wiza talap etmeýär. Ýusubowyň soňky duçar bolan ýagdaýy türkmenistanly migrantlaryň Türkiýedäki ýaşaýyş-durmuş şertleri baradaky soraglary ýene-de bir gezek gün tertibine getirdi. 31-nji ýanwarda Azatlyk Radiosy Türkiýedäki türkmenistanly işçi migrantlaryň durmuş şertleri, olaryň hukuklarynyň kanun taýdan goraglylygy we beýleki meseleler barada düýbi Stambulda ýerleşýän “Türkpermit” atly hukuk geňeşdarlyk firmasynyň ýuristi Murat Erşahin hem-de Türkiýedäki türkmenistanly migrantlaryň hataryndan aktiwist Rozubaý bilen söhbetdeş boldy.

Erşahin söhbetdeşligiň başynda Türkiýede bosgunlyga ýüz tutmagyň şertlerini gürrüň berdi: “Türkiýede ýaşaýan islendik daşary ýurtly, mysal üçin dogduk ýurdunda özüne abanýan ölüm howpuna esaslanyp, ýa-da öz ýurdunda etniki genosid, etnik uruş barýan bolsa, ýa-da zulum bar bolsa bosgunlyga ýüz tutup biler.

Maddy sebäplere esaslanyp bosgunlyga ýüz tutup bolmaýar.Bosgunlyga ýüz tutýanlaryň arzalary hökman kabul edilýär. Şondan soň, türk resmileri we BMG-niň wekilleri bosgunlyga ýüz tutýan adama öz ýurdunda ölüm howpunyň abanýandygyny ýa-da däldigini öwrenýär” diýip, Erşahin gürrüň berdi. Ýuristiň sözlerine görä, Türkiýäniň Migrasiýa edarasy we BMG-niň wekilleri bosgunlyk statusy bilen baglylykda oňa ýüz tutýan adamyň dokumentlerini ilik-düme seljerýär.

Zerur dokumentler hödürlenilmedik ýagdaýynda bu ret edilýär.Erşahin Rüstem Ýusubowyň bu mesele bilen bagly duçar bolan päsgelçiligine ünsi çekýär: “Rüstem öz ýagdaýyny doly suratlandyryp, düşündirip bilmedi.Ol özüni doly düşündirip bilmänsoň, Türkiýäniň Migrasiýa edarasy Türkmenistanda urşuň ýokdugyny, oňa ölüm howpunyň abanmaýandygyny, şol sebäpden onuň bosgunlyk statusyny özleriniň ykrar etmeýändigini, onuň bu statusa eýe däldigini aýdyp, ondan 1 aýyň içinde Türkiýäniň çägini terk etmegi soraýar” diýip, Erşahin aýtdy. Ýuristiň sözlerine görä, BMG-nyň Bosgunlyk boýunça Türkiýedäki edarasynyň adwokatlary Rüstem Ýusubowyň ýagdaýy sebäpli Türkiýäniň Migrasiýa edarasyny suda berýär. Ýöne olaryň arzasy netijesiz bolýar.

Türkmenistanda oňa ölüm howpunyň abanmaýandygyny aýdyp, Migrasiýa edarasy Rüstemiň Türkiýäniň çägini terk etmegini soraýar.Rüstem hem wagtynda ýurdy terk etmänsoň, ony deportasiýa etmek barada höküm çykarylýar.Bu wakadan soň, ýuristiň sözlerine görä, Rüstem ýagdaýdan çykalga gözlemek üçin, kanundaky mümkinçiliklerden peýdalanyp, başga bir etrabyň, ýagny Düzje etrabynyň Migrasiýa edarasyna ýüz tutmaga barýar. Ýöne Düzjede ony tussag edýärler hem-de Kojaeli etrabynda ýerleşýän Yzyna gaýtarmak merkezine ugradylýar we şol ýerdäki deslapky tussaghanada saklanylýar. “Deportasiýa etmek prosesi häzirki wagtda ýerine ýetirilmeýär, bu proses doňduryldy” diýip, Türkpermit hukuk geňeşdarlyk firmasynyň ýolbaşçysy hem-de ýuristi Murat Erşahin aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly migrantlar ýurtda hereket edýän kanuna laýyklykda ýaşaýyş rugsadyny almak üçin hem-de Türkiýede kanuny esasda ýaşamak üçin aýratyn köp tagalla edýär. “Türkpermide ýüz tutýan müşderileriň tas 80 %-i diýen ýaly Türkmenistanyň raýatlary diýip aýdyp bilerin.

Biz bir zada şaýat bolýarys, ýagny Türkmenistanyň raýatlary ýaşaýyş rugsadyny almak üçin, Türkiýede kanuny esasda ýaşamak üçin has hem erjel hereket edýärler.Olar bu ýerde kanuny esasda ýaşamak isleýär.

Olar muňa çäre gözleýär.Türkmenistanyň raýatlary bu meselede örän duýgur” diýip, Erşahin aýtdy.Olar Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça Türkiýedäki edarasyna ýüz tutýan türkmenistanlylar barada gürrüňe dowam edip, olaryň arzalarynyň agramly böleginiň ret edilýändigini aýtdy. “Men 13 ýyldan bäri bu iş bilen meşgullanýaryn.

Aýdyşym ýaly bize ýüz tutýan müşderileriň 80 % Türkmenistanyň raýatlary. Şolardan şu wagta çenli BMG-a bosgunluga ýüz tutanlaryň arasynda diňe iki adama bosgunlyk statusynyň berlendigine şaýat boldum. Ýüz tutan beýleki adamlaryň tas 99 %-niň arzalary ret edilýär” diýip, Erşahin aýtdy.

Azatlyk Radiosy Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly migrantlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri, olaryň umumy duçar bolýan ýagdaýlary barada häzirki wagtda Stambulda ýaşaýan türkmenistanly aktiwist migrant Rozubaý bilen gürrüňdeş boldy.Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar türkmenistanlylary iş gözleginde Türkiýä barmaga iterýär.

Ol özüniň duşan adamlaryny göz öňünde tutup, Türkiýä iş gözleginde gelýän türkmenistanlylaryň arasynda ozal döwlet edaralarynda işlän adamlara indi ýygy-ýygydan duş gelse bolýandygyny aýtdy.Gepleşigiň doly mazmunyny onuň gapdaldaky ses ýazgysyndan diňläp bilersiňiz!

Ýene degişli makalalar

Stambulda täze türkmen pasportunyň berilýändigi barada bildiriş ýaýradyldy
THF: Türkiýäniň deportasiýa merkezinde türkmen raýatlarynyň ençemesi ýenjildi
Türkmenistanly zähmet migrantlary Stambulda miting geçirdiler (wideo)
Täze wiza düzgünleri Türkiýedäki türkmenleriň durmuşyna nähili täsir eder?
Ýurist: Türkiýä wizasyz syýahatyň ýatyrylmagy türkmenleriň 'ýaşaýyş rugsadyny' kynlaşdyrar
Täk ýaşly ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi