Deňizden öwser ýeli türkmeniň

Deňizden öwser ýeli türkmeniň

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň toparlaýyn döredijilik sergisine gatnaşýan höwesli suratkeşlerimiziň eserlerine syn bermegiň özi hem aýratyn lezzetdir. Täze, ajaýyp eserler tomaşaçylarymyzy gyzgyn garşy almaga howlukýar.

Sergimiziň merjen dänesi zehinli zenan suratkeşimiz, mekdebimiziň ýaş hünärmen mugallymy Toýlyýewa Laçynyň jadyly ertekiler dünýäsine çagyrýan ajaýyp miniatýura eserleri sergimize gaýtalanmajak millilik öwüşginini çaýýar. Ýüregi bilen söýüp, öz döredýän mähirli sungatyna hemişe wepaly galyp, suratkeş türkmen milli sungatynyň gadymdan gelýän özboluşly däp-dessurlaryny şadyýan reňkler arkaly joşgunly wasp eýleýär.

Hakykatdanam Laçynyň her bir kiçijek işinde türkmen halk ertekisiniň sada, zähmetsöýer hem-de wäşi gahrymanlary göz öňümizde janlanýar.Laçynyň döredijiliginde mäkäm ornaşyp, baky orun tapan owaldan gelýän urp-adatlarymyz, milli gymmatlyklarymyz bu bezegli miniatýuralarda öz anyk beýanyny tapýar.

Kiçijek bir agaç tagçanyň ýüzünde şatlyk-gülkä beslenen, zähmete ýugurulan eziz halkymyzyň gündelik durmuşyndan bir parçasy getirilip görkezilýär.

Eserlerini bir bakyşdan tanadýan, suratkeşiň diňe özüne mahsus bolan özboluşly çeperçilik tärini döredijilikli ýöredip gelýär.Elbetde her bir suratkeşiň döredijilik ýoly özgeleriňkä garanyňda, öz aýratyn çeperçilik goly bilen tapawutlanýandyr.

Suratkeş Toýlyýewa Laçynyň kiçi göwrümli nakgaşçylyk işlerinde türkmeniň taryhy geçmişi, türkmen medeniýetiniň inçe tilsimlerini ussatlarça suratlandyrýar.Binalaryň içki otaglarynyň diwarlaryny bezäp duran kiçi göwrümli eserlerde, türkmen halkynyň çarwa durmuşy şahyrana, ruhubelent keşpde şöhlelendirilýär.

Gönüburçly ölçegde, bir tekizlikde, friz görnüşinde kejebeli içi guramaly ýorgan-düşekden doly horjunly düýäniň daşynda possunly-donly, silkme telpekli gojalarymyz, topbyly-gyňaçly, apbasy şaýlary bilen bezelen ýeňňelerimiz bagtyýar zamana tarap, batly gadam basýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän adylly syýasatyny, agzybir halkymyzyň jebisligini we asuda, parahat ýurdumyzyň abadançylygyny - pöwrize, lagyl, oniks we sirkoniý ýaly gymmat bahaly daşlaryň kömegi bilen bezelip baýlaşdyrylan, Gülle eziz diýarym atly zergärçilik taslamasynda Şöhrat Sapargeldiýewiň çugdam zehini mese-mälim göze ilýär.

Zergär tebigy magdany bolan kümüşe gyzyl çaýyp, zergärçilik sungatynyň çäksiz mümkinçiliklerini ussatlarça ulanýar.Myhmanlaryň ünsüni özüne çekip duran, sergimiziň nowçasy kimin öwüşgin atýan bu ajaýyp zergärçilik önüminde, bäş welaýatyň nyşanyny alamatlandyrýan sütünler Garaşsyzlyk binasynyň şekilini gaýtalaýar.

Owadan gaşlar bilen haşamlanan ýer togalagynyň ýüzünde Türkmenistanyň kartasy ýerleşdirilip, eseriň çür depesi Döwletimiziň baştutany Hormatly Prezidentimiziň portreti bilen tamamlanýar.

Gözel zenan suratkeşimiz Gunça Myradowanyň öz körpe gyzynyň mährem keşbine bagyşlap çeken Medinäniň portretinde gyzjagazyň kem-kemden çagalyk döwrinden daşlaşyp, juwan gyzlyk dünýäsine aralaşýandygyny aňşyrmak kyn däl.Suratkeş gyzy Medinäniň ösüş döwrüni möwsümleýin ürç edip suratlandyrýar.

Gunça Myradowanyň döredijiliginde gyzynyň mylaýym keşbi aýratyn orun eýeleýändir, çünki gyz çaga ene-atanyň göz-guwanjydyr, olaryň ýagty ykbalyna nur çaýýan mähriban käbäniň her bir döredýän eseri bolsa, bahasyna ýetip bolmajak güneşläp duran baky öçmejek bir sungatdyr.

Türkmen milli lybasyna beslenip, owadan şaý-sepleri dakynyp oturan, gelşikli ýaş gyzyň syratynda näzijek, sada gyz dünýäsiniň ajap arzuwlary aýan görünýär.Gyzjagazyň näzli ýylgyryşy tomaşyçynyň köňlünde tolgundyryjy ýyly duýgulary oýarýandyr, bu hem suratkeşiň öz döredijiliginde ýeten uly üstünliginden nyşandyr.

Çeperçilik mekdebimiziň Heýkeltaraşçylyk bölüminiň hünärmeni Ýarmammedow Seljuk her ýyl sergimize özüniň täze-täze eserleri bilen örän taýýarlykly gatnaşýar, bu bolsa suratkeşiň öz alyp barýan işine höwesli we diýseň jogapkärlili garaýandygyndan habar berýär.

Heýkeltaraşyň Balykgulak, Aý aýdyň, Bagt guşy ýaly kiçi göwrümli heýkel eserlerinde özüniň ähli ukyp-başarnyklaryny jemläp, pelsepe taýdan giň dünýägaraýşyny tomaşaça ýetirmäge çalyşýar.Suratkeş adaty, hakykaty gürrüň berýän çeper ýörelgelerden daşlaşyp, özüniň aýratyn, täsin dünýäsi hakda söhbet açýan ajaýyp eserleriň jümmüşine aralaşyp gaýybana syýahata çagyrýar.

Modernizm akymynyň öňdebaryjy çeperçilik meýillerini ussatlyk bilen ulanyp, öz şahsy döredijiliginde abstrakt gözleglerine bagyşlanan täze sahypany açmaga synanyşýar.Seljugyň reňklenen gipsden ýerine ýetirilen heýkel eserleri islendik bir interýeriň bezegi hökmünde çykyş edip biler we serginiň tagçalarynda ýerleşdirilip, arassa estetiki taýdan owadanlygy we gözelligi duýup, ondan çuňňur lezzet almaklyga niýetlenendir.

Onuň Balykgulak atly kiçi göwrümli heýkeli ýaprak görnüşli altyn bilen bezelip, onda balykgulagyň her dürli görnüşlerini gaýtalaýan üýtgeşik geň galdyryjy şekilli göwrümjigi görmek bolýar.Suratkeş bu ýerde özüniň çeper gözýetimini juda batyrgaý açyp görkezýär.

Göräýmäge ýönekeýje bir balykgulak milli saz guralymyz dutaryň şekiline çalymdaşlyk edýär ýa-da bolmasa şekiliň içindäki oýujak Altyndepäniň toýundan ýasalan zenan hudaýynyň heýkeljigini ýatladyp, owadan aýal bedeniniň näzikligini nygtap geçýär.

Bagt guşy işinde suratkeşiň bu ýagty jahany kabul edişiniň tükeniksiz döredijilik yhlasynyň miwesini duýmak bolýar.Aslynda bagt guşuny henize-güne çenli gören adam ýok, ol halk içinde ýaýran yrymlar bilen ýaşap, biziň günlerimize çenli gelip ýetýär we aýratyn mana eýe bolýar.

Syratly bir zenanyň keşbinde deňiz tolkunlaryndan başlap, tä uzboýuna saralyp duran köýnegiň epinlerini birnäçe düşnüksiz ownujak bölekleriň ýygyndysy düzýär.Suratkeşe täze çeperçilik tilsimlerini oňat özleşdirmegini we ony milli sungatymyz bilen bilelikde sazlaşdyryp alyp gitmeginde, şeýle-de döredijilik äleminde ýokary derejelere ýetmegini arzuw edýäris!

Biziň çeperçilik mekdebimiziň ähli medeni guramaçylyk çärelerine işjeň gatnaşýan mugallymy Çaryýew Berdiniň nyşanalyk äheňindäki nakgaşçylyk eserleri milli medeni mirasymyzyň genji hazynasyna bagyşlanandyr.Ebedi miras, Jahanda näler görner, Oba säheri, Talapkär halypa ýaly eserlerde türkmen edebiýatynyň, kino we saz sungatynyň gahrymanlary göz öňümizde janly direlýär.

XVIII asyryň nusgawy şahyry (Jahanda näler görner) Magtymguly Pyragynyň keşbi taslamanyň merkezinde ýerleşdirilip, eseriň arka tarapynda ýarym aýlawyň içinde bir-birine gapmy-garşylykly bakdyrylyp goýulan şahyryň ýene-de üç sany şekili suratlandyrylan.

Suratkeşiň aýtmagyna görä bu beýik şahsyýetiň durmuşynyň gaýgyly we şatlykly pursatlaryny aňladýar.Aýna kimin Magtymguly pyragynyň döredijiligini tapgyrlara bölüp, yşky-liriki, watançylyk hem-de ýokary ahlaklylyk ýaly gylyk-häsiýetleri öňe sürýän şygyrlar diwany nyşanalygyň üsti bilen aýdyň şöhlelendirilýär.

Kitaplaryň birnäçesini öňüne alyp, paýhas ummanyna çümüp, oý-pikire batyp oturan halatynda türkmen edebiýatyna saldamly goşant goşan, beýik ynsanyň goşgy setirlerinde çuňňur many-mazmuny açyp görkezýän türkmen halkynyň süňňünden eriş-argaç bolup geçen durmuş pelsepesini görýärsiň. Şeýle-de suratkeş Ebedi miras eserini dikligine ikä bölýär, aşakda birinji orunda türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, goly kitaply Berdi Kerbabaýewiň pikirlenip alyslara garap duran parasatly keşbine nazaryň düşýär.

Aýgytly ädim telefilminiň baş gahrymany Alty Garlyýew türkmen kino sungatyny bütin dünýä ýüzüne tanadan köpgyraňly şahsyýetiň nurana durkunda milli sungatymyzyň bütin taryhy geçmişini yzarlamak mümkindir.Türkmeniň edebi we milli medeni mirasyny arşa galdyran bu üçemler toparyň jemini kompozitor Nury Halmammedowyň ýaşlyk döwründäki suraty jemleýär.

Eseriň ýokarky böleginde merkezde Aýgytly ädimiň baş gahrymanlary Aýna bilen Artygyň näz-kereşmeli söýgi pursaty we kinodan alnan aýry-aýry parçalar bilen dowam etdirilýär.

Çeperçilik mekdebimiziň zehinli ýaş hünärmen mugallymy Çopanow Toýlynyň Derwüş, Ýaş Jelaleddin, Melissa atly ajaýyp nakgaşçylyk eserleri ýörite sergi üçin niýetlenip, özüniň täzeçiligi we özboluşly çeperçilik tilsimi bilen tapawutlanýar.Suratkeşiň aýratyn nygtamagyna görä, ol kendiriň ýüzünde ýagly boýaglaryň üsti bilen geçmişimiziň gadymy köklerine uzap gidýän bir taryhy sahnany çeper suratlandyrmagy ýüregine düwýär.

Hyjuwly suratkeş Toýlynyň uly göwrümli monumental eserleri esasanam baý taryhy wakalary açyp görkezmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň çäginde geçirilýän ähli sergilere işewür gatnaşýan nakgaşyň döredijiliginiň aglaba bölegi çuňňur many-mazmunly göwrümli taryhy eserlerden ybaratdyr.

Tükeniksiz gujur-gaýratyny gaýgyrman yhlasly zähmet çekip, her bir başlan işiniň soňuny gutarnykly derejä ýetirmäge jan edýär.Melissa eserinde biziň öňümizde owadan türkmen gözeliniň syrdam keşbi getirilip görkezilýär. Şaý-seplerini dakynyp oturan gyzyň näzik dünýäsinde umyt-arzuwlarynyň päkligine göz ýetirmek mümkindir.

Suratkeş amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary: türkmen halysy, zergärçilik önümlerini bir ýerde jemläp, ýagty bilen kölegäniň gapmy-garşylygyny ussatlarça gazanyp bilipdir.Suratkeşiň döredijilik äleminde mundan beýläk-de uly üstünliklere ýetip, öz döwrüniň öňdebaryjy suratkeşleriniň hataryna girmegini arzuw edýäris!

Pürliýew Sapanyň nakgaşçylyk eseri bizi Änewdäki Seýit Jemaleddiniň harabalygyna alyp gidýär.Göýä gadymy taryhyň jümmüşine gaýybana aralaşýarsyň.XV asyryň iň görnükli ymaratlarynyň biri bolup, ol häzirki güne çenli öz gadyr-gymmatyny ýitirmän saklap gelen keramatly ojagyň biri hasaplanýar. Çünki bu ýere ýagşy dilegde bolup, zyýarata gelýänleriň sany-sajagy ýokdyr.Suratkeş arassa dury reňkleriň üsti bilen orta asyr desgasynyň aýdyň şekilini berip, Gahryman Arkadagymyzyň taryhy golýazmalaryndan ruhlanandygyny boýnuna alýar.

Aman Aşyrgeldiýewiň Çopan, Nohur, Köýten dag, Zyýarat ýaly peýzaž esrlerinde milli tebigatymyzyň gözel ajaýyplyklary nepis şekillendirilýär. Nohur obasynyň gadymy binagärlik desgalary ýerli tebigatyň mylaýym, ýumşak howasy bilen sazlaşykly utgaşýar. Eser sarymtyl-melewşe, altynsöw ýyly reňkler arkaly tomaşaçynyň kalbyna rahatlandyryjy derman hökmünde täsir edýär.

Suratkeş Gylyjow Rozygeldiniň Sülgünler, Gurtly köl, giçlik, Daşda galan müňýyllyklar bu peýzaž işleri özaralarynda reňk baýlygy bilen tapawutlanýar. Bir-birine reňk taýdan düýbünden meňzemeýän, her haýsysynyň reňk öwüşgini tebigatyň gijeki, gündizki ýagdaýyny şöhlelendirmäge ymtylýar. Gözel ülkämiziň tebigatyny ýürekden wasp edip, nakgaşyň söýgüsi siňen, her bir eseriň üstünde erjellik bilen zähmet çekendigi görene äşgär bolýar.

Peýzaž işleriň hataryna Öwez Lallykowyň Ýygymdan soň atly eseri hem mysal bolup biler.Gyz-gelinleriň öz zähmetine guwanyp duran pursaty ýaşy gartaşan agaçlaryň arasynda bir setirde üýşmek bolup duran ownuk sudurlar öri meýdanyň giňişliginde suratkeş tarapyndan ýörite çala işlenendir.

Oba adamlarynyň agyr durmuşyny tebigat bilen mesaýy utgaşdyryp, suratkeş hamala öz çagalyk döwrüni gürrüň berýän ýaly.Bu eserden kiçigöwünli işeňňir oba gelinleriniň joşgunly ýürek mukamynyň owazy ýaňlanyp dur.

Ýaş zenan suratkeşimiz, mekdebimiziň zehinli hünärmeni Garaýewa Enejanyň Sülmüreýän gyz atly nakgaşçylyk eseri bir demde ýerine ýetirilen.Türkmen gyzynyň gapdala bakyp, gözüni ýere salyp, sülmüräp duran tutuş durky mämişiniň özüne maýyl ediji reňkine baglanandyr.

Dik maňlaýyna düşüp duran sümsüläniň şaýlary dessanlardaky şa perileriň gözel keşbini ýatladýar.Millilige aýratyn üns berse-de, suratkeşiň abstraktlaşdyrylan täze çeperçilik gözlegleriň hyýalyndadygy ýitiden duýulýar.Enejanyň ozalky işlerini has garaňky, garamtyl-goňur reňkler, galyňdan ýogyn tegmiller düzýän bolsa, indi ýüregiňi heýjana getirýän şadyýan mämişiniň jadylaýjy güýjüne bat berýär.

Batyrgaý zenan suratkeşimiz özüni çeperçilik sungatyň haýsy görnüşinde barlap görse-de, biz şowly çykýan eserleriň diri şaýady bolýarys.Enejana öz basdaşlarynyň arasynda elmydama saýlanyp, halk köpçüliginiň göwnünden turaýjak gyzykly we täsirli eserleri döredip durmagyny arzuw edýäris!

Gobelen suratkeşi Ýazgeldi Hajyýew Garagum çölünde otlap ýören düýeleriň erkin şekilini haly sungatynyň ähli çeper mümkinçiliklerini giňden ulanyp suratlandyrýar. Şekilli ýordumly haly önüminiň daşky çarçuwasyny türkmen gölleriniň setiri gurşap alýar. Suratkeş göze ýakymly sarymtyl altynsöw reňk toplumy arkaly Garagumuň jöwzaly yssy howasyny bermäge çalyşýar. Dym-dyrslyk asudalykda we ümsümlikde, düýeler gyzgyn çölüň içinde ýeke-täk gahrymanlar bolup çykyş edýär.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň ilkinji günlerinde gurnalan Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň toparlaýyn sergisi bu ýere gelen myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Ussadyň döredijiligine ser salyp...
Italiýada Maradona heýkel dikildi
BELENTLIGE GÖTERILEN AÝDYM
Türkmenistanda Ýaş Heýkeltaraşlaryň Biri-Birinden Owadan Eserleri Sergilendi
Lebap welaýatynda suratkeşleriň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara Nowruz baýramy mynasybetli sergi açyldy