Deňizde öndürilen energiýa kenara getiriler

“SolarDuck” atly niderland-norweg kompaniýasy Tokio aýlagynda suwuň ýüzünde hereket edýän Gün energiýa bekedini gurar.Bu beketde öndürilen elektrik energiýasy bilen batareýalar kuwwatlandyrylar we ýelkenli gämiler arkaly kenara getiriler.

Bu gämiler uzakdan dolandyrylar.Kompaniýa Tokio aýlagy sebitindäki energiýa önümçiligini artdyrmak maksady bilen “ýaşyl” tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrar. 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde işe giriziljek taslamanyň önümçilik kuwwaty 88 kWt bolar.

Taslamany durmuşa geçirmäge Ýaponiýanyň “Tokyu Land Corporation” we “Everblue Technologies Inc.” kompaniýalary hem goşant goşar. Şeýlelikde, bu üç kompaniýa, Tokio aýlag sebitiniň ýaşaýjylaryna geljekde öz energiýasyny öndürmek we sarp etmek mümkinçiligini bermek isleýär.

Muny Ýaponiýanyň ilkinji deňizde “ýüzýän” fotowoltaik energiýa öndüriş ulgamyny ulanmak, ummanda öndürilen arassa energiýany elektrik gaýyklaryny işletmek we ammar batareýalarynyň gaýyk bilen nädip hereket edip boljakdygyny görkezmek arkaly amala aşyrmagy meýilleşdirýärler.

Kadyr Gurbannepesow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy

Ýene degişli makalalar

Oskaryň alypbaryjysy belli boldy
EKRAN öndürmekde-de öňdebaryjy
Buker baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi
Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi
Täjirçilik maksatly suborbital uçuş
Telefon budkalary taryhy ýadygärlik boldy