Türkiyäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçylyk etmegindäki türgenleşikde 2 tapawutly ssenariý ýerine ýetiriler.
Türgenleşigiň ilkinji tapgyrynda batýan söwda gämsi bilen bagly gözleg we halas ediş işleri ýerine ýetiriler.
Ondan soň bolsa ssenariýa laýyklykda ýolagçy gämisinde ýüze çykan ýangyn söndüriler.
Türkiyäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli 2 korwet gämisi, 3 gaýyk, 2 uçar we 2 dikuçar bilen amala aşyryljak türgenleşikde Harby-howa, Harby-deňiz we Gury ýer güýçleri serkerdeliklerden gözleg we halas ediş dikuçarlary gatnaşar.
Türgenleşige Türkiyäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň serkerdesi flagman Ahmet Kendir bilen 15 ýurtdan 28-i daşary ýurtly jemi 39 synçy gözegçilik eder.