Meşhur rus hünärmeni, Moskwanyň Kommunarka köpugurly kliniki merkeziniň baş lukmany, Aşgabatda doglan Denis Prosenkonyň kakasy, lukman Nikolaý Prosenko türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberdi. Hatda şeýle diýilýär:
Denis Prosenko 1975-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Aşgabatda lukmanlar maşgalasynda dünýä indi. Ol Aşgabatda mekdep döwürleri iňlis dilini çuňňur öwrendi. Soňra Türkmen döwlet lukmançylyk institutynda okady. 1990-njy ýyllarda Prosenkolaryň maşgalasy Moskwa göçdi.
2020-nji ýylda Denis Prosenko COVID-19-a garşy geçirilen işlere goşan goşandy üçin Russiýa Federasiýasynyň zähmet gahrymany diýen ada eýe boldy.