Deňagramlyk gözlegleri. Ukrainada iki ýyl dowam eden uruş Merkezi Aziýany nähili özgertdi?

Deňagramlyk gözlegleri. Ukrainada iki ýyl dowam eden uruş Merkezi Aziýany nähili özgertdi?

Russiýanyň Ukrainada doly möçberde uruş alyp barmagynyň Merkezi Aziýanyň Moskwa bilen gatnaşyklaryna we söwda aragatnaşygyna ýetiren täsiri barada, bäş bilermeniň garaýyşlary.

Orsýetiň Ukraina garşy urşy indi üçünji ýyl dowam edýär hem munuň örän agyr netijeleri bildirýär: konflikt dünýäniň syýasy garaýyşlaryny üýtgetdi, ol dünýä ykdysadyýetini gowşatdy hem-de geosyýasy sarsgynlara ýol açdy.

Belki-de, Russiýanyň basybaljylyk hüjümleriniň täsiri Merkezi Aziýadaky ýaly, güýçli duýlan däldir. 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan soň, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan düýbünden başga dünýä öwrüldiler.

Moskwa bu sebitde köp wagtdan bäri esasy daşarky oýunçy bolup gelýärdi, emma uruş Merkezi Aziýanyň Orsýet baradaky garaýşyny üýtgetdi hem Hytaýa, Türkiýä, ABŞ-a we Ýewropa Bileleşigine belli bir mümkinçilikleri döretdi.

Ukrainadaky urşuň Merkezi Aziýany nähili özgerdendigine has gowy düşünmek üçin, Azatlyk Radiosy öňdebaryjy bilermenlerden we žurnalistden, bu mesele baradaky öz garaýyşlaryny paýlaşmagy haýyş etdi.

Russiýa bilen täze kadaly gatnaşyklaryň gözlegi

Temur Umarow Berlindäki Russiýa-Ýewraziýa Karnegi merkeziniň ylmy işgäri:

Ilkibaşda Merkezi Aziýany Orsýetiň zaýaçylykly hyzmatdaşa öwrüljekdigi baradaky pikirler gurşady, ýagny onuň bilen hyzmatdaşlyk etmek mümkin bolmaz diýildi. Soňra iki ýyla çeken urşuň dowamynda, şertler başga mümkinçilikleriň bardygyny görkezdi. Russiýanyň sanksiýalar bilen çetleşdirilmegine we ykdysady kynçylyklaryna garamazdan, ol sebit üçin möhüm hyzmatdaş bolmagynda galýar.

Geçen iki ýylyň dowamynda, hyzmatdaşlygyň käbir pudaklarynda, Merkezi Aziýanyň awtoritar režimleri üçin, Moskwa häzirki wagtda hem gymmatly hyzmatdaş bolup durýar. Orsýet bolsa sebitdäki bäş ýurdy sanksiýasyz dünýä aýnasy hökmünde, gitdigiçe peýdaly hasaplaýar.

Indi adamlar Russiýa başga bir aýnadan garaýarlar. “Merkezi Aziýanyň barometri” we “Demoskop” boýunça geçirilen barlaglar öňe gidişligiň bardygyny, demirgazyk goňşusyna garşy närazylygyň agalyk etmeginiň täze meýillerini görkezýär. Ukrainadaky uruş jemgyýetiň düşünjesiniň üýtgemeginde, esasy orny eýeledi. Russiýanyň Ukrainadaky urşy dünýä jemgyýetçiliginiň Merkezi Aziýa bolan ünsüni ýokarlandyrdy, şeýlelikde, sebit üns merkezine öwrüldi.

Geljekde Merkezi Aziýa ýurtlary möhüm wezipe bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ilkinji nobatda olar halkara jemgyýetçiligi bilen işjeň gatnaşyk alyp barmaly bolarlar. Şunuň bilen baglylykda, içerki ösüşi gazanmak esasy wezipe bolup, daşardaky maliýe we syýasy mümkinçilikleri nazara almaly. Ikinjiden, Russiýa we beýleki global oýunçylar bilen gatnaşyklarda, has näzik deňagramlygy tapmak möhümdir.

Russiýanyň hereketlerine köre-körlük goldaw duýgusyndan gaça durmaly, şol bir wagtyň özünde-de, ruslara garşy meýillerden daş durup, Moskwanyň aýyplamalardan hem gaça durmaly.

Bu deňagramlylygy gazanmak Merkezi Aziýanyň geljekki durnuklylygy we gülläp ösmegi üçin möhüm bolar.

Gazak diplomatiýasynyň berkliginiň synagy

Kris Riklton Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça Almatydaky habarçysy:

Rus güýçleri Ukrainanyň şäherlerini bombalap başlamazyndan birnäçe hepde öň, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň režimi Moskwanyň baş roly eýeleýän Kollektiwleýin Howpsuzlyk şertnamasy guramasyna heläkçilikden halas bolmak üçin, ýardama mätäç boldy. 2022-nji ýylyň ýanwarynda, bu ýurtda garaşsyzlyk döwrüniň iň agyr we gandöküşikli gozgalaňy bolup geçdi, onda 238 adam gurban boldy.

Emma urşuň öňüsyrasynda Gazagystan Gündogar Ukrainadaky ruslar tarapyndan goldanylýan separatist guramalary ykrar etmekden berk boýun gaçyryp, garaşylýan ynamy ödemedi. Şol wagtda köp kommentatorlar içki konfliktiň çözülmegine kömek berendigi üçin, Tokaýewiň Putiniň öňünde borçludygyna ynanýardylar. Şonuň üçin Gazagystanyň bitarap pozisiýasy rus deputatlarynyň we Kreml propagandaçylarynyň köpçülikleýin gaharyny getirdi.

Kommentatorlaryň käbiri iki ýurduň arasyndaky 7600 kilometrlik (bu gury ýer üstündäki dünýäde iň uzyn araçäk) serhediň anyk däldigini we Gazagystanyň demirgazyk sebitinde, ilatyň uly böleginiň etniki ruslardygyny ýatlatdy. Dartgynly täsirlere garamazdan, Tokaýew Moskwa bilen Astananyň arasyndaky gatnaşyklary umumylykda, durnukly saklamagy başardy.

Gazagystanyň syýasy kommentatorlaryň aýdyşy ýaly, Gazagystan nädip "iki oturgyçda oturmagy" başardy?

Hytaýyň goldawy kömek etdi.

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda, Hytaý lideri Si Jinping koronawirus pandemiýasynyň başlangyjyndan bäri ilkinji daşary ýurt saparynda, Astana geldi.Saparyň dowamynda, ol bir möhüm wada berip, Pekin "siziň ýurduňyzyň içerki işlerine haýsydyr bir güýçleriň päsgel bermegine düýpgöter garşy" diýdi.

Munuň, belki, diňe Günbatara däl, eýsem Moskwa-da degişlidigini ýaňzytdy. Şondan soň demirgazykdan gelýän aşa güýçli ýaňsylamalar we duýduryşlar biraz peseldi.

Gazagystanyň prezidenti Nýu-Ýorkda, BMG-niň sentýabr aýyndaky Baş Assambleýasynyň geçýän wagtynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisi bilen ABŞ-nyň prezidentiniň ilkinji gezek geçiren duşuşygynda, Jo Baýdeniň golaýynda, hormatly orun eýeledi. Şoňa eýerip, bäş lider bilen Germaniýanyň Kansleri Olaf Şolzyň arasynda hem şol formatda gepleşikler geçirildi.

Soňra Fransiýanyň lideri Emmanuel Makron Gazagystana we Özbegistana sapar etdi.Tokaýew Türkiýe we tutuş Ýakyn Gündogardaky ýurtlar bilen hem gatnaşyklary berkitmegi elden bermedi.

Kreml üçin bu diplomatiki manýowrlar ýaramaz we gapma-garşylykly täze status-kwo boldy.

Täze mümkinçiliklerden peýdalanmak

Luka Ançeski Glasgonyň Ýewraziýa barlaglary uniwersitetiniň professory:

Russiýanyň Ukraina çozup girmegi bilen Merkezi Aziýa respublikalary geosyýasy ugurlary kesgitlemekde, has kesgitleýji bolana meňzeýärler.

Sebitiň esasy oýunçylary bolan Gazagystan bilen Özbegistan Kreml bilen hasaply aralyk saklaýarlar. Olar dowam edýän çozuşlary düýpli tankytlamasa-da, Russiýanyň tarapdarlary hökmünde görülmeýär.

Bu "altyn aralygyň" başga-da peýdaly ugurlary bolup, ahyrky netijede, demokratik däl garaýşy bolan ýolbaşçylara bähbitli boldy.

2022-nji ýyldan bäri Gazagystan bilen Özbegistan öz ýolbaşçylary üçin, wezipe möhletini uzaltmagyň ýollaryny tapandygyny gördük, Türkmenistan hökümeti öz nesline miras geçirdi, Täjigistan hökümeti öz nesline miras galdyrmagyň düýbüni tutýar, Gyrgyzystan häkimiýeti öz prezidentiniň töwereginde merkezleşdirýär we ony şahsyýetleşdirýär.

Eger urşuň ykdysady taraplaryny nazara alsak, bu çozuşlardan Merkezi Aziýa belli derejede peýdalandy. Iň garyp ýurtlar, aýratyn-da Gyrgyzystan hem Täjigistan üçin, Russiýadan pul serişdeleriniň iberilmeginiň möhüm bolup durýan wagty Russiýa bilen ikitaraplaýyn söwda-ykdysady aragatnaşyklaryň artmagyna gabat gelip, sebitiň ykdysady ösüşiniň geljegi ýokarlandy.

Köp zat Günbataryň geljekde muňa nähili reaksiýa bildirjekdigine we bu oňaýly şertleriň orta möhletde dowam etjekdigine bagly bolar.

Mysal üçin, sanksiýalary ýatyrmak meselesine has köp üns bermek Merkezi Aziýa üçin, urşuň ykdysady bähbidini azaldyp biler. Belki-de, öz talaplarynda has tutanýerli bolan Günbatar Gazagystanyň we Özbegistanyň alyp baran aralyk töwekgelçilikli pozisiýasyny özleri üçin, has oňaýsyz ýagdaýa öwrüp bilerdi.

Hytaý, Russiýa we Merkezi Aziýa

Julia Şioratti Londonyň ykdysadyýet we syýasy ylymlar mekdebiniň barlagçysy:

Russiýanyň Ukraina garşy hüjümlerinden iki ýyl geçende, Hytaýyň Moskwa garşy pozisiýasy deňagramlygy saklaýar. Hytaý diplomatlary uruş barada has sazlaşykly ritorikany oýlap tapjak bolsalar-da, özleriniň Ukraina babatda diplomatiki tagallalaryny güýçlendirseler-de, ýokary derejedäki duşuşyklary geçirseler-de, gytaklaýyn ykdysady goldaw berseler-de deňagramlyk bar.

Geçen ýylyň dowamynda Hytaýyň Daşary işler ministri Wang I ukrain kärdeşi Dmytro Kuleba bilen duşuşdy, 2021-nji ýyldan bäri boş duran Ukrainanyň Pekindäki ilçisiň wezipesine täze ilçisi bellenildi. 2023-nji ýylyň iýul aýynda, Ukrainanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Taras Kaçkanyň Hytaýa saparynyň bolandygyny bellemek gerek. Munuň özi uruş başlanandan bäri ukrain resmisiniň ilkinji ýokary derejeli saparydyr.

Deňagramlygy tapmak aňsat iş däl. Pekin bilen Moskwa Kremliň çozuşlaryndan biraz öň "serhetsiz" hyzmatdaşlygy yglan etdiler. Hytaý aram-aram Russiýa bilen gatnaşyklary ileri tutmaga çalşyp geldi, ol muny Günbatara bilelikdäki garşy durmakda we beýleki bähbitleri üçin möhüm hasaplady.

Uruş başlanandan soň Hytaý bitarap we parahatçylyk dörediji hökmünde çykyş edip, özüniň global keşbini üýtgetmäge çalyşdy hem-de çaknyşygy ýatyrmak üçin, öz meýilnamasyny aýan etdi.

Geljekde, Merkezi Aziýa döwletleri üçin iň möhüm mesele olaryň Hytaý we Russiýa bilen arasyndaky uzaklyk bolar.

Sebit üçin Ýewraziýa söwda ýolunyň açylmagy

Emil Awdaliani Tbilisiniň Ýewropa Halkara gatnaşyklary uniwersitetiniň professory:

Ukrainada barýan uruş Merkezi Aziýa döwletlerini özüniň daşary syýasatynda, has batyrgaý bolmaga mejbur etdi, şeýle hem global söwda üçin, koridor hökmünde sebitiň ähmiýetini artdyrdy.

2022-nji ýylyň fewral aýyna çenli Ýewropa Bileleşigi bilen Hytaý Orsýetden geçýän Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky demirgazyk söwda ýoluny ýeterlik hasaplaýardylar, sebäbi olar Moskwanyň giň demirýol ulgamyndan we onuň ýeňilleşdirilen gümrük düzgüninden peýdalanýardylar. Şol wagtyň özünde Orta koridor (Transhazar halkara ulag ýoly hem diýilýär) Gara deňizden Hazar üsti bilen Merkezi Aziýa çenli uzalyp gidýän ýol esasy döwletlerden iň az maýa goýumy we ünsüň azlygy üçin, kölegede galýardy.

Emma Russiýanyň çozuşlaryndan soň ýagdaý üýtgedi: Günbatar döwletleri, Hytaý, Türkiýe we ýoluň ugrunda ýerleşýän kiçi döwletler ony giňeltmek boýunça iş alyp barýar.

Merkezi Aziýa ýurtlary üçin, Orta koridor has uly giňişligi we mümkinçilikleri aňladýar.Urşuň bolmagy Gazagystana resmi bileleşiklere we Moskwanyň agdyklyk edýän dürli guramalarynyň agzasy bolup durýandygyna garamazdan, özüniň Russiýa bolan agyr ykdysady garaşlylygyny ýene-de gözden geçirmäge we azaltmaga mümkinçilik berdi.

Gazagystan täze maýa goýumlarynyň amala aşyrylan hem-de söwda dolanyşygynyň artdyrylan ýeri bolan Orta koridoryň esasy hereketlendiriji güýçleriniň birine öwrüldi.

Has giňişleýin manyda, uruş we Günbataryň Moskwa goýan soňky sanksiýalary Orsýeti ABŞ, Ýewropa Bileleşigi, Hindistan, Ýaponiýa, Eýran, Türkiýe, Hytaý we Pars aýlagy döwletleri bilen birlikde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň köp sanly esasy oýunçylarynyň diňe birine öwürdi.

Şeýlelik bilen Ukrainadaky uruş Russiýanyň Merkezi Aziýada agalyk edýän döwrüni tamamlady we söwda ýollary ýa-da syýasy hyzmatdaşlyklar bolsun, täze alternatiwleriň täsiri astynda, dargamagyny dowam etdirer.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Putin şu gün Gazagystana sapar bilen barar
Türkmenistan Russiýa gaz eksportyny bes etdi. Bu Özbegistanyň ýangyç ýetmezçiligi kynçylyklaryny çözmäge kömek edermi?
Tramp Ukrainada gysga möhletde hüjümleriň bes edilmegini isleýär
Dünýäniň meşhur otluly syýahatlary
Dünýä täzelikleri gysga setirlerde
“The Guardian”: iň gowy 100 kitap