Daşary işler ministri Hakan Fidan, 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni mynasibetli ýüzlenme çap etdi.
Hakan Fidan sosial mediadan beren ýüzlenmesinde “Beýik halkymyz, 15-nji iýulda halkara imperýalizmiň wekilleri arkaly Türkiýäni ele geçirmek maksatlaryny Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda puja çykardy we Türkiýe asyryny başlatdy. Gahrymanlarça köçä çykyp FETÖ-niň dönüklerine ýol bermedik eziz şehitlerimizi uly hormat bilen hatyralaýaryn. Gahrymanlarymyza sagbolsun adýaryn. Demokratiýa we Milli jebislik güni gutly bolsun” diýdi.
Milli goranmak ministri Ýaşar Güler hem sosial mediadan beren habarnamasynda “Watany, baýdagy, gelejegi üçin 15-nji iýul gijesi dönüklere garşy göreşip janlaryny pida eden eziz şehitlerimizi uly hormat bilen hatyralaýaryn. 15-nji iýul gijesi dessan ýazan gahrymanlarymyza we eziz halkymyza uly sarpa goýýaryn we minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.
Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa hem, 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik gününiň 7-nji ýylynda sosial mediadan beren habarnamasynda, “15-nji iýulyň 7-nji ýylynda ýurdumyzyň çar tarapynda: Türkiýe asyrynyň gahrymanlary bolan şehitlerimizi, gahrymanlarymyzy we Al ýyldyzly şanly baýdagymyz bilen köçelere çykyp dönüklere böwet bolan watanymyzyň millionlarça perzendini uly hormat bilen hatyralarys” diýdi.