Demokratik partiýada demokratiýa barmy?

Demokratik partiýada demokratiýa barmy?

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy (TDP) 16-njy dekabarda 30 ýaşady, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň dolandyryjy partiýasynyň agzalaryna ýüzlenip ýazan gutlagynda TDP-niň ýurduň “kanunçylyk, hukuk esaslarynyň döredilmeginde, aňyýet ulgamynyň ösdürilmeginde, halkara gatnaşyklaryň syýasy taýdan esaslandyrylmagynda möhüm orun eýeleýändigi” tassyklanýar.

1991-nji ýylda döredilen TDP-niň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahata gatnaşan partiýa agzalary bolsa, prezidentiň adyndan berlen sowgatlary alyp, özlerine döredilýän şertler üçin hoşallyk bildirdiler we “öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar”.

TDH-nyň ýazmagyna görä, “Demokratik partiýanyň agzalary amala aşyrylýan wagyz-nesihat işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ...syýasy, ykdysady we medeni ...çärelere taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça anyk çäreleri görýärler”.

“Bularyň ählisi ýaş nesliň watançylyk we ruhy-ahlak terbiýesine, türkmenistanlylary ...giň gerimli özgertmelere işjeň gatnaşmaga çekmäge ýardam edýär” diýip, habarda nygtalýar.

Emma hökümet tankytçylary 1991-nji ýylda ozalky Kommunistik partiýanyň agzalarynyň bir günde demokratlara öwrülmegi bilen döredilen täze partiýanyň hakykatda garaşylýan demokratik özgertmeleriň öňüni almaga hem-de döwlet baştutanynyň ygtyýarlyklaryny giňeldip, ilatyň diýdimzor syýasatyň dilsiz-agyzsyz ýesirlerine öwrülmegine, ýurduň şu günki ýagdaýa düşmegine hyzmat edendigini öňe sürýärler.

Azatlyk Demokratik partiýanyň 30 ýyllygy bilen baglylykda şu we beýleki ýagdaýlar barada pikirlerini sorap, ýazyjy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Türkmenistanyň demokratik partiýasy 30 ýaşady. Bu partiýa, gysgaça aýdylmaly bolsa, Türkmenistanyň soňky 30 ýylynda nähili rol oýnady?

Hudaýberdi Hally: Türkmenistanyň durmuşynda Demokratik partiýanyň hiç bir oýnan roly ýok.Ol partiýa diňe prezidentiň kultuny ýokary götermek bilen meşgul boldy.Bir mysala ýüzlensek, Demokratik partiýanyň ilkinji başlygy Saparmyrat Nyýazowyň özüdi, ýagny ýurduň prezidentidi, onuň 1-nji sekretary bolsa Onjuk Musaýewdi.

O.Musaýew bilen nemes žurnalistleri duşuşyp, şol partiýanyň alyp barýan işi, maksady barada soranlarynda, şeýle gürrüň berdi. “Biziň prezidentimiz üýtgeşik täsirli hem gudratly adam.Meselem, bir siňek prezidentiň gözüniň alnyndan eýläk bir uçupdyr, beýläk bir uçupdyr.

Prezident şoňa bir gazap bilen seredende, siňek ölüp ýatyberipdir” diýdi.Nemes žurnalistleri-de Onjuk Musaýewiň aýdyp beren zatlaryny bütin dünýä ýaýratdy.

Dempartiýanyň şular ýalyrak hyzmatlary bar. Ýogsa ýurtda çözülmeli meseleler gaty köp, edilmeli işer ondanam köp. Ony prezidente teklip edip bolardy ýa-da prezidentiň ýalňyşan ýerlerini düzedip, oňa garşy durubam bolardy. Şol meseleleriň hiç birine Demokratik partiýa goşulmady. Demokratik partiýanyň Türkmenistanyň durmuşynda hiç bir ýüzi ýok.

Azatlyk: Türkmen diliniň sözlüginde “demokratiýa” sözi döwleti dolandyrmagyň bir formasy, syýasy gurluş hökmünde düşündirilýär. Sözlükden sitata: “Bu hili gurluş wagtynda ýokary häkimiýet halkyň elinde bolýar”, sitatanyň soňy. Şeýle-de, sözlükde demokratiýa “haýsy hem bolsa bir kollektiwe ýolbaşçylyk etmek usuly” diýlip görkezilýär; “bu usulda meseläni çözmeklige bütin kollektiw gatnaşýar”. Sitatanyň soňy. Eger şeýle bolsa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynda demokratiýa barmy?

H.Hally: Türkmenistanyň Demokratik partiýasynda demokratiýa ýok.Sebäbi ol partiýa aslynda Kommunistik partiýanyň kölegesi, ýagny öňki Kommunistik partiýanyň adyny üýtgeden bir görnüşi.Käbir mysallara ýüzleneliň, meselem Kommunistik partiýada ýolbaşçy bolan adam tä ölýänçä ýa-da halys soňky müddete ýetýänçä, ol partiýa ýolbaşçylyk edýär.

Kommunistik partiýanyň gurluşy, onuň alyp barýan işleri örän dogmatik häsiýetli, üýtgewsiz hem ony üýtgetmek mümkin däl diýen ýaly.Edil şolar ýaly-da, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynda O.Musaýew ýolbaşçylyk etdi, şol bir adamlar, ol ýerde hiç bir demokratik özgerişlik ýok.

Beýleki ýurtlarda eger-de partiýa bir meselede üstünlik gazanyp bilmese, agyr meseläni çözüp bilmese, derrew gurultaý geçirýärler, maslahat edýärler, onuň ýolbaşçysyny çalyşýarlar. Şu ýagdaý Türkmenistanyň Demokratik partiýasynda ýok.Demokratiýa barada asla gürrüňem gidenok. Şol partiýanyň agzalarynyň arasynda pikir alyşma, jedelleşme ýa biriniň beýleki birine garşy durmak endikleri geçen 30 ýylyň dowamynda görünmedi.

Azatlyk: Indi Türkmenistanda resmi TDP-den öň döredilen we soň ýok edilen diýilýän TDP barada pikiriňizi paýlaşsaňyz. Bu wakalara şaýat bolan adamlar Saparmyrat Nyýazow TDP-niň “adyny hem ogurlandygyny” aýdýarlar, “onuň özi bir partiýa adyny hem tapyp bilmedi” diýýärler. Bu aýdylýan sözleriň jany barmy?

H.Hally: Hakykatdanam şeýle diýip bolar.Sebäbi “Türkmenistanyň Demokratik partiýasy” diýilýän partiýany ilki başda Durdymyrat Hojamuhammet döretdi, ol 1990-njy ýyllara degişli. 1991-nji ýylyň başynda şol partiýanyň ilkinji gurultaýy bolup geçdi. Şol döwürde ol partiýanyň 1200 agzasynyň bardygyny “Daýanç” žurnaly ýazýar. Şol partiýanyň gizlinlikden açyk ýagdaýa geçendigi barada türkmen žurnalisti Muhammetmyrat Salamatow “Moskowskiýe nowosti” gazetiniň ýanwar aýyndaky sanynda maglumat çap edipdi.

Ol partiýanyň döredileni kagyz ýüzünde galan fakt, ýagny ýöne bir aýdylan söz däl, eýýäm 1991-nji ýylyň ýanwarynda şeýle partiýa bardy, ol bütin halka aýan edildi. Şol ýylyň aýagynda S, Nyýazow bir maslahatyň dowamynda, Kommunistik partiýany “Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna” öwürmeli diýip karar çykardy, ony-da şol ýerde oturan kommunistleriň ählisi goldadylar.

Aslynda S.Nyýazowda şular ýaly taýýar zady almak endigi bar.Meselem, S.Nyýazowyň “Ruhnama” kitaby, ony mukaddesleşdirip, duz-çöregiň hatarynda goýdular.Aslynda bolsa “Ruhnama” diýen adalgany ilkinji metbugat ýüzüne getiren žurnalist hem şahyr Durdymuhammet Gurbanow bolupdy. Ýalňyşmasam, “Ruhnama” ady bilen onuň bir ýukajyk kitaby-da çykdy.

D.Gurbanowyň tapan adyny S.Nyýazow alyp göterip, öz kitabyna goýup, ony-da mukaddesleşdirdi.

Belki-de, S.Nyýazow şol gyssag arada öz täze partiýasyna nähili at dakjagyny bilen däldir diýip pikir edýän.Sebäbi o döwürde SSSR dargamagyň öň ýanyndady. Şonuň yz ýany SSSR-iň dargaýandygy barada, SSKP MK-nyň Baş sekretary, SSSR-iň prezidenti M.S.

Gorbaçýow 26-njy dekabrda resmi ýagdaýda çykyş edipdi. Şo döwürde özüňi kommunist saýmak beýle bir gelşikli däldi, şonuň üçinem S.Nyýazow hem beýleki kommunistler özlerine “demokrat” diýen sözi aldylar. Ýöne bu gaty geň hem gülkünç, sebäbi “kommunist jemgyýetiň abraýy, namysy, ol göreşiji” diýilýärdi. Şol göreşiji kommunist bir ýygnakda kommunistlikden demokrata öwrüldi-de duruberdi.

Azatlyk: Synçylaryň pikiriçe, Türkmenistanda hakyky demokratik hereket ýa syýasy partiýa döretmek synanyşyklary şertli ýagdaýda iki döwre bölünýär, olaryň birinjisi S.Nyýazow döwründe, soňra G.Berdimuhamedow döwründe edilen synanyşyklar bilen bagly.

Bu ýerde gürrüň esasan Durdymyrat Hojamuhammedowyň we öňki ministr Geldimyrat Nurmuhamedowyň synanyşyklary barada barýar.Bular barada siz näme aýdyp biljek?Türkmenistanda bu golaýda hakyky demokratik gurama ýa hereket döredilip, işläp bilermi? Şeýle mümkinçilik görýärsiňizmi?

H.Hally: Meniň pikirimçe, halk beýle bir taýýar däl.Durdymyrat Hojamuhammediň TDP-ny döreden döwründe, ýagny 1991-nji ýylyň başynda, onuň 1200 agzasy bar diýildi.Partiýanyň egindeş başlyklary bar, olar belli adamlar.

Soň ol partiýa gysyşa duçar boldy.Durdymyrady “akyl taýdan näsag adam” diýip, dälihana atdylar. Şol döwürde halkara guramalary tarapyndan, Durdymyrada ýardam hökmünde 200 dollar pul iberilipdir. “Sen bir ýol tap-da, şuny Durdymyrada gowşur” diýip, ony maňa berdiler. Şonda men Durdymyradyň hiç bir egindeşini tapmadym, şol puly berer ýaly ikinji bir adam ýok.

Ahyrynda Aşgabadyň Hudaýberdiýew köçesiniň ugrunda agasy bar eken, onuň salgysy alyp, öýüne bardym.Ol maňa “beýle doganym ýok, ol getirenje puluňy alyp git” diýip, öz doganyndan ýüz öwürdi.

Ine, ýagdaý şeýle, sen partiýa döretseň, seniň yzyňda durara adam bolmasa, ol nähili partiýa bolup bilýär?

Geldimyrat Nurmuhammedow, onuň soňky synanyşygy barada; Geldimyrat çykyş edip, öz pikirini köpçüligiň öňünde aýtdy. Şondan soň Geldimyrada esasy garşy duranlar, onuň öz doganlary boldy. Onuň doganlary Geldimyrady öýe gabap, onuň ýanyna hiç kimi eltmän, onuň hiç kim bilen gatnaşygyny islemän, gabawda sakladylar.

Eger-de seniň doganyň, töwerek-daşyň saňa garşy dursa, onda seni kim goldajak? Şonuň üçinem häzirki şertde ýurduň içinde partiýa döretmek, hereket etmek gaty kyn. Meniň pikirimçe, halkyň isleg-arzuwy, halkyň garaşýan talapy partiýany döretmek zerurlygyna ýetenok.

Azatlyk: Halkara hukuk toparlarynyň ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistan dünýäde iň bir repressiw ýurtlaryň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Resmi Aşgabat öz-özlüginde, halkara abraýyny hakykatdanam gowulandyrmak üçin, syýasy-ykdysady azatlyklara belli bir derejede ýol berip bilermi ýa-da bu hili özgerişlik, eger bolsa, diňe jemgyýetçiligiň güýçli islegi esasynda bolarmy?

H.Hally: Jemgyýetde köp zatlary adamlara berýärler.Dogrudanam, garaşsaň hal-ýagdaýyň gowulaşmagy ýa-da pensiýa haklarynyň artdyrylmagy, aýlyklaryň köpelmegi ýaly ýeňillikler halka berilýär, ýöne söz azatlygy hem erkinlik diýilýäni hiç wagtda halka berilmeýär.

Ony öňki syýasatçylar aýdyp geçdiler.Ol diňe halkyň berk talap etmegi, halkyň berk durup, şony islemegi bilen gazanyp bilýär.Demokratiýany halk diňe talap etmek, göreşmek bilen gazanýar.

Demokratiýa erkinlik halka berilýän zat däl. Şonuň üçinem Türkmenistanyň durmuşynda demokratik özgerişliklere mümkinçilik bolar diýip, pikir edemok.

Onsoňam Türkmenistanyň häzirki ýolbaşçysynda şeýle çärelere gitmäge batyrlyk ýok.Ol eýýäm töwerek-daşyndakylaryň hyzmatçysy.Onuň öz ogly orunbasary bolup dur, onuň ýegeni bankyň başlygynyň orunbasary bolup dur, beýleki garyndaşlary dürli wezipelerde işläp otyrlar, şol topardan çykmaga ýurduň prezidentiniň ýagdaýy ýok, güýçli erk ýok. Şonuň üçinem Türkmenistanda nähilidir bir syýasy özgerişlik bolar diýip garaşamok.

Elbetde, ykdysady özgerişlikleriň bolmagy mümkin, ýöne söz azatlygy, saýlawlaryň erkin bolmaly, häkimleriň saýlaw ýoly bilen saýlanmagy ýa-da häkimleri halkyň talaby bilen aýryp-goýmak meseleleri halkyň öz ygtyýaryna, berk talap etmek çäresine bagly bolar.

Azatlyk: Türkmenistanda döredilen TDP-niň 30 ýyllygy türkmenistanly aktiwistleriň daşary ýurtlarda öňki ýyllara garanda köpçülikleýin häsiýetde janlanmagyna, garşylyk pikirlerine aýdyp başlamagyna gabat geldi. Bu ýagdaýlar ýurduň içindäki ýagdaýlara ýakyn geljekde haýsydyr bir derejede öz täsirini ýetirip bilermi?

H.Hally: Öz täsirini gürrüňsiz köp babatda ýetirip biler.Meselem, häzirki daşary ýurtlardaky oppozisiýa partiýalary ýa-da oppozisiýa pikirlerini aýdýan toparlaryň täsiri bilen Türkmenistanda käbir özgerişlikler bar, prezidentiň öňünde epilmek, prezidentiň elini ogşamak ýaly, millete gelişmeýän häsiýetler belli derejede aradan aýryldy. Ýöne entegem bularyň has täsirli çäreleri ulanmagy gerek.

Onsoňam dünýä žurnalistikasynda, şonuň bilen birlikde biziň aramyzda-da döräp gelýär, derňewler geçirmek, žurnalistik barlaglary amala aşyrmak, Türkmenistanyň diktaturasyny faktyň öňünde goýmak çäreleri güýçlense, faktlar artyp başlasa, onuň täsiri Türkmenistan üçin has gowy bolardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Türkmenistanyň Prezidenti prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti käbir häkimliklerde ýolbaşçy özgerdişlerini geçirdi
Talyplaryň arasynda bilýardyň Erkin piramida görnüşi boýunça ýaryş geçirildi